(1947-1991)
Akmyrat Şir
*Palçyk oglanjyk
*Erem bagy
HEKAÝALAR
Nirelerdir bir ýerlerde men, ýagny meniñ ejemiñ söwer ogly, aýlanyp ýör. Ötegçiler ony görýärler, oýlanýarlar: nätanyş! Ol nähili nätanyşmyş! Onuñ ruhy bireýýäm bedeni bilen birigip gitdi. Ol aýlanyp ýör, aýlanyp ýör, ýadanynam bilenok. Ol aýnalara-da garanok, geçip barýanlara-da tiñkesini dikenok, emma bar zady görýär. Onuñ gözleri özüne garşy gönügen, ol özüne bakýar. Ol ýalñyz, ol ýalñyz agaç ýaly, jaý ýaly, planeta ýaly, tebigatyñ ýalñyzlykda ýaradan bar zady ýaly – ýalñyz, ýöne ummasyz şäheriñ içinde ýitip giden däl. Ýok, onuñ entek jahylka gazanan, göreşip alan öz orny bar: pişiklije otagy, durmuşyñ syýyndan berk ýapyşýan, gijäniñ bir wagtyna çenli çyrasyny söndürmän oýlanýan otagy bar.
Nirelerdir bir ýerlerde men – ejemiñ söwer ogly ygyp ýör. Ony görüp, ötüp-geçip barýanlar oý edýärler: nätanyş! Ol nähili nätanyşmyş!
Döredijilik otagy
Çörek, duz, sogan. Tapylsa, ponidor. Dadranyñ köki, burçuñ bolmagy – elpe-şelpelik. Pyçag-a hökman bolaýmaly. Bloknot hem galam. Çilim. Otluçöpi hem unutmaly däl. Radiony çalaja açýan. Hawa, çaýam demläp basyrmaly. Ynha, indi ýagty jahan özümiñki, aýnanyñ daşyndaky daragtlaram, asmanyñ sergezdan bulutlaram meniñki, bary, olaryñ bary meniñ myhmanlarym, meniñ şagalañyma gelipdir. Hawa, durmuş bizi duzlaýar, gowurýar, taplaýar. Badalga hem uçuş. Daglaryñ, durmuşyñ depesinde batbörek deý uçup ýören köñül.Tutuş gün bujagaz otagda nämeleriñ bolup geçeni, jaýyñ leññer atyp, ýeriñ endiräni diñe maña mälim. Goñşularym bolsa, biziñ goñşymyz gowy, ümsüm, ýöne birneme ýabanyrak diýýärler.
Hudojnik
Säheriñ çyglary bulduraşyp duran gara hoşalar – sizi döredesim gelýär! – başaryp bilemok!
Aýyñ süýümi ýaly küýzeden akyp gelýän suw – sen ýaly bolasym gelýär! Başaryp bilemok!
Ak ümür basan daragtlar, sizi ýaradasym gelýär! – başaryp bilemok!
Eý, siz, kalbymdan, baş bermän, daş çykan yza hem ah, sizi ýaradasym gelýär! Başaryp bilemok!
Maña näme boldy, bu niçik ahwal boldy? Maña görmek, duýmak berlipdir, eşitmek, söýmek, hesret çekmek berlipdir… Ýöne… onda näme olaryñ ählisi bokurdagyma tegek bolan suñk ýaly bolup dur, näme diýip söze, reñke, owaza aýlanman, diñe ýöne ýaryljak, döküljek, nagra dartjak, pyşyrdajak, uçjak bolup dur!
Tebigat, bagyşla, öz telbäñi bagyşla!
Gorky
Dört sany ýaş ýigit göýä dört sany at ýaly, takyr bile aldygyna ýorgalap barýar. Olaryñ egninde kepene çolanan jesetli tabyt. Şemal ak matany galgadyp, burnuma babamyñ sakgalynyñ ysyny getirýär. Yzdan sürrekleşip, üç nesil: ogullar, agtyklar, çowluklar gelýär. Babamyñ ne ýaşdaşy bar, ne dogany, ne dosty, olar eýýäm babamyñ alnyp barylýan ýerinde. Dört ýigit başyny aşak salyp, elýaglyklaryny, elleriniñ arkasyny ýaşa ezip, eýgermän gelýän göleçilerden ylgaşlap arany açyp barýar. Hä diýmän, ogullarynyñ biri bir gysym toprak atar weli, babam hemişelik ýiter gider. Ýiti ýagty bolup, yşyrap, topraga, daşjagazlara, çüýrän çöp-çalamlara garylyp giden bu adamdan näme galar? Ýatlamamy? Eýse ol çynmy?
Çagakam dyrmalana ak sakgalym, üzüm hoşasyny galdyrjak bolup eglen hortap göwresi, hiñlenibräge-de aýdyp berýän hekaýatlary we şuña meñzeş üzlem-saplam ýatlamalar, meger, hakyda galar. Ýöne iñ hakyky zady, onuñ, belkem, özüniñem düşünmedik esasy zadyny şol dörtler alyp gider.
Ýeke çöp bitmedik, gugaryp ýatan mazarystana imisalalyk ýa gije aralaşansoñ, men gelerin hem oña diri wagtynda berip bilmedik sowallarymy bererin. Ol özüne akyl ýetirip, bildimikä? Ol bize nähili ýaşamagy maslahat bererkä? Onuñ açyp bilen iñ soñky hakykaty nämekä? Ol özünde öwrülişigi başyndan geçirdimikä? Öz ýaşan uzyn asyrynda näme gyzykly zat gördükä? Kim ol? Ýene ençeme soraglar…
Dymyp ýatan guburyñ deregine mör-möjegiñ jürrüldisi, şagallaryñ uwlamasy, aýyñ şuglasy, gijäniñ dymyklygy jogap gaýtarar.
…Dört ýaş ýigit, dört at ýaly giden takyrlykda galagopluk bilen meniñ gorkymdan daşlaşyp, özlerini özi mazarystana alyp barýar.
Rusçadan
terjime eden
Nobatguly Rejebov