TÜRKMENLER WE KITAPLAR

TÜRKMENLER WE KITAPHANALARLAR

 

Aslynda, Türkmenler kitapdyr kitaphanalar bilen hemişe bagrybadaşan beýik halklardan biri bolupdyr. Bu ýagdaý öňem şeýle bolupdyr, hut häzirem şeýle. Muny içgin öwrenseň, şeýle ajaýyp täsinlikleriň üstünden barjakdygyňa asla şübhelenmese bolar. Şeýle hem ata-babalarymyz ony öz nesillerine uly baýlyk hökmünde miras galdyrypdyr. Şu ýerde miras diýlende bir zat ýada düşýär.

Geşmişdäki milli mirasyna türkmenler hemişe  aňryýany bilen hormat goýupdyrlar. Bu garaýyş Türkmenistan Garaşsyzlygyna gowuşanyndan soň has-da giň gerime eýe boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýörite Karary esasynda Türkmenistanyň Milli medeniýet “Miras” merkezi döredildi.

Türkmenistanyň Milli medeniýet “Miras” merkezi geçmişden galan ata-babalarymyzyň kitap mirasyny ýene türkmenleriň özüne gaýtaryp bermek ugrunda tutanýerli işleýärler.

Aslynda türkmen öz mirasyny apalap gorap saklamak üçin hemme synaglara döz gelipdir. Eger ýadyňyza düşýän bolsa, Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasynda Welmyrat aga Türkmen edebiýatynyň beýik milli we halk şahyry bolan Magtymgulynyň golýazmasyny örän kynçylykly döwre garamazdan  miras hökmünde gorap saklamak üçin öz gündelik durmuşynyň gazanjynyň ýeke-täk çeşmesi bolan, başgaça aýdylanda bary-ýogy, buýsanjy bolan guba düýesini orta goýýandyr. Bu edebi epizodyň zandynda  türkmeniň milli mirasyna bolan hormaty ýatýandyr. 

Türkmenleriň geçmişden gelýän diýseň özboluşly kitap dünýäsi bar. Şol dünýäniň içine aralaşsaň, asla çykmak mümkin däl bolara çemeli. Aslynda türkmen mirasynyň özi durşuna lükgeligi bilen bir umman diýseňem boljak, ony näçe öwrenip ýetişibilseň, şonça-da özboluşly hazynalara aralaşýarsyň.

Şonuň üçin mertebesi belent Serdarymyz Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň öňdengörüji pähim-paýhasy bilen döredilen Türkmenistanyň Milli medeniýet “Miras” merkeziniň türkmen halkynyň geçmişdäki mirasyny içgin öwrenmekde uly roly bardyr.

Kitaplar hem uly mirasdyr. Kitaplar hem tapylgysyz baýlykdyr. Ynha, türkmeniň şeýle  kitap dünýäsine berlen alymlarymyzyň biri-de Almaz Ýazbediýewdir.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

KITAP BILEN BAGRYBADAN ALYM

 

Almaz aga hakynda birinji  kiçijik häsiýetnama

Mylaýym, sada we güler ýüzli kitapşynasymyz Almaz aga bilen her gezek duşuşanymda, hemişe bir sorag tutuş süňňümi gaplap aýlar. Ony sizden gizlemäýin, ynha şu sorag: “Bu ilhalar adam öz ýumşaklygynyň, mylaýymlylygynyň, danalygynyň, parasatlylygynyň gözbaşyny nireden alýarka?” Her gezek soraýyn soraýyn diýýän welin, asla bolanok, süýji söhbetdeşligini türkmenleriň geçmişdäki kitap dünýäsine baglaýar welin, soraýyn diýen soraglaryň ýadyňdan çykyp, başga soraglar ýygyndysyny we onuň anyk jogaplaryny alyp gaýdyberýäň. Ynha, bu gezegem şeýle boldy. Ýöne ýalňyş däldir diýip özümçe gelýän netijämi okyjylar bilen paýlaşasym gelýär: Bu ilhalar adam  öz ýumşaklygynyň, mylaýymlylygynyň, danalygynyň, parasatlylygynyň gözbaşyny hökman kitapdan alýan bolmaly. Çünki onuň durmuşy hakyt kitap, kitaphana bilen bagrybadaşan.

Siz maňa ynanmasaňyz (siz maňa dogry düşüniň, men size ynanýaryn we siziň hem maňa ynanýandygyňyzy bilýärin, ýöne dilimiň öwrenen endigine görä aýdaýdym-BS.) şu kitabyň jüpüne düşen jildindäki suraty oňatja bir synlap görüň, siz ondan gadym mirasymyzyň mizemez çeşmesi bolan kitaplaryň aňyrsyndan janlandyraln nurana ýüzli iki sany türkmen şahsyýetiniň suratyny görersiňiz.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Bu türkmen şahsyýetleriniň ikisiniň-de ykbaly bir, has dogrusy, türkmen kitaby, kitaphanasy bilen berk baglanyşykly adamlardyr. Türkmen kitapşynaslygy babatda olaryň biriniň geçmişde eden hyzmatlary uly, beýlekisiniň bolsa hut şu günler, biziň döwrümizde, edýän hyzmatlary uludur.  

Türkmeniň kitapşynaslygy babatda gürrüň edilende öňi bilen Almaz Ýazberdiýewiň adynyň tutulýandygy ýöne ýerden däl. Geliň, gürrüňi uzaltman Almaz aganyň  käbir ýazan ylmy işleridir kitaplary bilen tanyş bolalyň:

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ýazberdiýew Almaz, Orta Aziýa halklarynyň XIX asyryň ikinji ýarymynda we XX asyryň birinji çärýeginde çykan milli metbugatyny bibliografirlemegiň taryhyndan, “Ylym” neşirýaty, Aşgabat, 1974, s.220.

Bu kitapda adyndan hem belli bolşy ýaly, Orta Aziýa halklarynyň XIX asyryň ikinji ýarymynda we XX asyryň birinji çärýeginde çykan milli metbugatyny bibliografirlemegiň taryhy içgin derňelýär. Şol döwürlerdäki kitaplar we olaryň hasaba alnyşy öwrenilip, degişli netijeler çykarylýar.

Umuman aýdanymyzda awtoryň bu kitabyndan taryhy sahypalarymyza siňen türkmen kitapşynaslygymyz hakynda giňişleýin maglumatlary has ýakyndan öwrenip bilersiňiz.

 

Almaz aga hakynda ikinji kiçijik häsiýetnama

 

Almaz aganyň kitap bilen iş salyşan başga alymlara meňzemeýän bir özboluşly aýratynlygy bar. Onuň tapylgysyz tarapy şundan ybarat, ony hem dile geldi bile geldi diýlişi ýaly aýdyp geçeýin. Almaz aga  köne türkmen kitaplarynyň hemmesini öz eline alyp, onuň sahypalaryny ýeke-ýeke waraklap çykan ýeke-täk türkmen alymydyr.

Almaz agadan başga edil şonuň ýaly edip gadym kitaplarymyzy öwrenen  türkmen alymy ýokdur. Maňa dogry düşünmekligiňiz üçin şuny hem aýdyp geçeýin. Bu meniň Almaz agany “arşa çykardygym” däldir, has anygy, gije-gündiz türkmen kitaplarydyr kitaphanalary diýip çorbasyny sowadýan  kitapşynasymyzyň emgeginiň dyrnak ýalyjak ýekeje jümlesidir.

Geliň, siz şu kitaby okap görüň, şondan soň Almaz aganyň ikinji häsiýetnamasy hakynda bile oturyp söhbet edeliň. Bu kitaba ömrüniň naýbaşy döwürleri sarp etdi diýsem, o diýen öte geçdigim bolmaz.

Gündogaryň älem-jahany aýdyňlatýan gün ýaly lowurdap çykan metbeçiligi haçan ýüze çykypdyr? Nirelerde we nähili kitapşynaslyk başlapdyr? Kitapşynaslyk bilen kimler gyzyklanypdyr? Ilkinji türkmen kitaplary haýsylar? Türkmenleriň gadymy  kitaphanalary nirede bolupdyr? Şu we şuňa meňzeş müňlreçe soraglaryň jogaplary bilen gyzyklanýanlar üçin bu kitabyň bahasyna ýetip bolmaz. Muny bolsa bu kitaby okamadyk bilmez.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ýazberdiýew Almaz, Gündogar metbeçiligi we köne türkmen basma kitaplary, Aşgabat, 2002. Ynha, siz Almaz aganyň bu kitabynyň ähli sahypalaryny doly okap görseňiz, meniň Almaz aga beren häsiýetnamamyň gaty bärden gaýdýandygyna anyk göz ýetirersiňiz. 

Türkmen dili, şunuň bilen birlikde-de türkmen kitaplary  özüniň taryhy sahyplaryndaky ajaýyp yzlaryny  arap harplary bilen miras galdyrypdyrlar. Muny anyk öwrenmek isleýän her bir höwesek okyjy Almaz aganyň aşakdaky kitabyny okasa, türkmen kitapşynaslygyna degişli arap harplary bilen neşir edilen türkmençe kitaplar hakynda giňişleýin maglumatlary öwrenip biler.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ýazberdiýew Almaz, Arap grafikasynda neşir edilen türkmençe kitaplar, Aşgabat, 2002.

Tejribeli türkmen kitapşynasy Almaz aga türkmen dilindäki köne kitaplary edil bäş barmagy ýaly öwrenipdir diýsem öte geçdigim bolmasa gerek. Munuň bir delili hökmünde Almaz Ýazberdiýewiň “Köne Türkmen Basma Kitaplary” (“Staropeçatnıýe Turkmenskiýe Knigi”) kitaplaryny görkezmek bolar. 

 

 

 

Almaz aganyň ýene bir başarjaňlygyny aýdaýynmy?! Onda diňläň. Şu iki sany kitabynyň içine müňlerçe köne türkmen basma kitaplaryny ylmy we  gyzykly söhbet görnüşinde ýerleşdirip bilendigidir. Iki sany kitap takmynan iki müň sany kitapdan söhbet açýar. Ynha, bu bolsa kitaplar dünýäsiniň täsinligi dälmi eýsem?!

 

  Almaz aga hakynda üçünji kiçijik häsiýetnama

 

Türkmen arheologlary ýeri dörüp, türkmen gadymýetini, türkmenleriň gadym sungatydyr medeniýetini agtarsalar, türkmen geologlary türkmen topraklaryny dörüp, türkmeniň ýerasty baýlyklary gözleseler, biziň Almaz agamyz kitaplar dünýäsini dörüp, türkmen kitaplarydyr türkmen kitaphanalaryny, mahlasy türkmen kitapşynaslygyny agtarýar.  

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ynha, ondan bir nusga: Almaz aganyň bu kitapçasynda Gadymy Merw şäheri we ondaky kitaphanalar hakynda gyzykly gürrüň berilýär. Bu çaklaňça kitaby Türkiýede neşir edilipdir Almaz aganyň.

 

Almaz aga hakynda dördünji kiçijik häsiýetnama

 

 

Almaz agany daşary ýurtly okyjylar hem ýakyndan tanaýarlar. Almaz aganyň özi daşary ýurtlary gezip özüni tanatmady. Alym özüni öz galamynyň üsti bilen, has anygy ýazan kitaplary bilen tanatdy.

Bu tanyşlygyň köprüsini hem abraýly  alymymyzyň özi düýbüni tutup, özi gurupdyr. Nädip diýjeksiňiz?! Bu dostluk-doganlyk gatnaşygyny kitaplaryň kömegi, has anygy kitapşynaslygyň köprüsi bilen gurupdyr.

Ynha, bir mysal. Gündogar metbeçiligi we köne türkmen basma kitaplary, Aşgabat, 2002-nji ýyldaky gysgaça neşiriniň Türk diline terjime edilen nusgasy:

“Doğu’da Matbu Yayınların Tarihi”. Bu kitapda 1902-1917-nji ýyllar aralygyndaky köne türkmen basma kitaplaryna degişli giňişleýin maglumatlara ýer berilýär.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Bu kitaby diňe doganlyk Türkiýäniň alymlary däl, eýsem tutuş türk okyjylar köpçüligi gyzyklanyp okaýar. Aýratyn-da, Türkiýäniň ýokary mekdepleriniň kitaphanaçylyk bölümlerinde okaýan türk we daşary ýurtly talyplary Almaz Ýazberdiýewiň bu kitabynyň okuw kitaplary hökmünde görýänler diýsem ýalňyş bolmasa gerek.

 

 

Almaz aga “Miras” žurnalynyň üsti bilen hem türkmen okyjylaryna örän köp we gyzykly maglumatlary ýetirip durýar. Ynha, “Miras” žurnalynyň 2006-njy ýyldaky birinji sany we munda tejribeli kitapşynasymyz Almaz Ýazberdiýewiň “Köneürgenjiň Orta asyr kitaphanalary” diýen makalasyndan bir görnüş.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Almaz aga hakynda bäşinji kiçijik häsiýetnama

 

Almaz aga ýadawsyz işleýän alym, özem dynuwsyz kitap bilen, kitaphana bilen  işleýär. Üstesine-de ýerinden gamlan işläp bilýän kitapşynas. Onuň galamyndan çykan kitaplary sanardan kän.

 

                                                                                                                                                    

Jemleme ýerine ýa-da Almaz aga aýdylan arzuw:

Almaz aga, Alla kuwwat bersin! Kitap sahypalaryny waraklamadan ýaňa ýadaýan elleriň, kitap sahypalaryny okamakdan ýaňa ýadaýan dilleriň hem-de kitap sahypalaryny gözlemekden we saýgarmakdan ýaňa ýadaýan gözleriň hiç haçan dert görmesin. Adyňyz ýaly arassa kalbyňyz urgusy egsilmesin, hemişe başyňyz dik bolsun! Galamlaryňyz ýiti, kitaplaryňyz küti bolsyn!

Siz türkmen kitapşynaslygy mekdebiniň uly mugallymysyňyz, biz okuwçylaryňyz bolsa size hemişe minnetdardyrys.

(Tejribeli kitapşynas alym Almaz Ýazberdiýew hakyndaky materiallar dowam etjekdigini ýatladýarys. BS).