(1949-1991)
Bapba Gökleñ
(1949-01-15 – 1991-12-23)
Ne
oýundan, ne çyndan,
Ýolma guşuñ ganatyn!
Pent bolsun şu menden:
Ýolma guşuñ ganatyn!
BAPBA GÖKLEÑ
Bapba Gökleñ 1949 ýylyñ 15-nji
ýanwarynda Gyzyl-Arvatda dünýä inýär. Ol orta mekdebi
tamamlap, Aşgabadyñ Oba hojalyk institutyna okuwa girýär. Emma
edebiýata bolan höwesi ony oba hojalygyndan gitdigiçe daşlaşdyryp,
metbugat işlerine golaýlaşdyrýar.
Netijede ol Oba hojalyk institutyny
bitirse-de, bu ugurdan uzak işlemän, metbugata işe gelýär we şondan soñ
onuñ ilkinji goşgulary, hekaýalary dürli gazet-jurnallarda çap edilip
ugraýar. Biraz soñra Bapba Gökleñ Moskvanyñ M.Gorkiý adyndaky
edebiýat institutyna gaýybana okuwa girýär. Emma
özboluşly, guýmagursak zehine Edebiýat institutynyñ galyby dar
görünýär. Şonuñ üçinem tiz wagtdan onuñ bu institutda okamak islegi
gaçyp, öz zehinini tebigy ugruna görä ösdürmegini dowam edýär. Ol köp
okaýar, öwrenýär, türkmen, rus we dünýä
edebiýatynyñ iñ gowy nusgalaryny özbaşdak özleşdirýär.
B.Gökleñ diñe bir goşgy däl, eýsem
kyssa eserlerini-de ýazardy. Onuñ käbir hekaýalary dürli döwürde
respublikanyñ gazet-jurnallarynda çap edildi. Şolaryñ arasynda onuñ
”Ýaşlyk” jurnalynda çykan ”Oýtak” hekaýasy,
”Edebiýat we sungat” gazetinde çap edilen hekaýalary okyjylaryñ
aýratyn ünsüni çekipdi. Ýöne B.Gökleñe il arasynda şöhrat getiren
onuñ goşgularydy. Metbugatda kän çap edilmese-de, Bapbanyñ goşgulary okalman galmazdy,
ol goşgular dilden-dile, elden ele geçerdi. Öz ýazan eserleri päsgelsiz
çykýan ýazyjy-şahyrlar-da Bapbanyñ çap edilmeýän
goşgularyny tapsalar, hezil edip okardylar. Ol goşgularyñ şöhraty il arasyna-da
ýaýrardy.
Türkmen sovet senzurasy Bapba Gökleñiñ
garşysyna diş-dyrnak bolup çykdygyça, şahyryñ şöhraty şonça-da artýardy.
Dirikä B.Gökleñ diñe bir kitap çap etdirip bildi, emma ol kitaba şahyryñ belli
goşgulary girizilmedi, senzura muña ýol bermedi.
Bapba Gökleñiñ goşgulary ilkinji gezek
dolulygyna Swedende, ”Gün” neşirýatynda ”ÝOLMA GUŞUÑ GANATYN!”
ady bilen 2005 ýylda neşir edildi.
B.Gökleñ 1991 ýylyñ 23-nji dekabrynda
tragiki ýagdaýda aradan çykdy. Onuñ duýdansyz ölümi köp
sanly soraglary döretdi. Ol soraglara häzire çenli-de degerli jogap tapylanok…
Şahyryñ yzynda iki ogul bilen bir gyz galdy. Onuñ wepaly
ýanýoldaşy Laçyn-da biraz wagt mundan öñ dünýäden ötdi.
Bapba Gökleñiñ özi aýny ýaşda,
zehininiñ añrybaş goýalan döwründe wepat bolsa-da onuñ eserleri, hyjuwly
hem adamkärçilikli, batyrgaý hem näzik, çuññur pelsepä, mertlige
ýugrulan goşgulary ýagtylyk ugrundaky göreşi dowam
etdirýärler.
Ölüm Bapba Gökleñi biziñ elimizden alyp
bilmedi, ol öz ilhalar goşgularynda ýaşaýar we adamlary mertlige,
ynsaplylyga, halallyga, päklige çagyrýar.
Ak Welsapar, ýazyjy
Ýolma, guşuñ ganatyn!
Ne oýundan, ne çyndan,
Ýolma guşuñ ganatyn!
Pent bolsun şu menden
Ýolma guşuñ ganatyn!
Kim galkar asman sary,
Ýolsañ guşuñ ganatyn?!
Uçýan, uçmaýan
bary
Bolmazmy garym-gatym!
Guşuñ ganatyn ýolma,
Bozma kaddy-kamatyn.
Bolsañ bol ýerde
ýorga,
Ýolma guşuñ ganatyn!
Söz bеrmеgiñizi
soraýan!
Hak söz mandatdyr her kime,
Söz bermegñizi
soraýan!
Hak söz goýmaz öz
erkiñe,
Söz bermegñizi
soraýan!
Söz neşderdir, ötüp
bilýän,
Söz bermegñizi
soraýan!
Men bir habar, ýetip
gelýän,
Söz bermegñizi
soraýan!
Men bir hak söz –
diýilmeli,
Söz bermegñizi
soraýan!
Diýgir dilim – halkyñ
dili,
Söz bermegñizi
soraýan!
Hak söz örän gerek bize,
Söz bermegñizi
soraýan!
Sözler köne, ruhum täze,
Söz bermegñizi
soraýan!
Hakykaty gömdüler…
Hakykaty gömdüler.
Dikligine gömdüler –
Bir metr aşak,
Bir ýyldan çykypdyr
Kellesin gaşap.
Hakykaty gömdüler.
On metr çuñlukda –
Ýene dikligine
Hakykat on ýyldan
Çykypdyr ýene.
Hakykaty gömdüler.
Dikligine gömdüler –
Ýüz metr teýde,
Hakykat ýüz
ýyldan
Bolupdyr peýda...
Bu işde ýetmezlik
bilinmän durmy,
Ýatyryp gömseler
boljakdy kemsiz.
Ah, ýöne hakykat
şeýle bir keçjal,
Ony nä, ýatyryp, gömüp
bolýarmy?!
DÜNÝЕ
Durky päliwan dünýe,
Görki hüýr-jenan
dünýe,
Owsun atyp owadan,
Bagrymy badan dünýe.
Wyjdanla wyjdan dünýe,
Deýýus
diýer: ”Şam dünýe”.
Agyz ýarman,
Hudaý dek
Baryna çydan dünýe.
Nadandan ýadan
dünýe,
Ýadany gidýän
dünýe,
Ýaman-ýagşa
biperwaý,
Günäsiz meýdan
dünýe.
Aklara aýan
dünýe,
Parhsyza peýan
dünýe,
O ýana – o ýan
dünýe
Bu ýana – bu
ýan dünýe.
Ýagşysy
ýaýran dünýe,
Ýürek dek urýan
dünýe.
Adalatyñ ýolundan
Mytdyldap barýan
dünýe.
TÜRKMЕNIM
Türküm, türküm, türkmenim,
Türkmen menem, türk menem.
Ýöne indi öñkim däl,
Maşyn görsem, ürkmenem.
Türküm, türküm, tütjarym,
Öýden çykardym çörüm,
Ýene bir zat öwrendim,
Heleýme
diýýän: ”Ýarym”.
Türküm, türküm,
tahýalym,
Günüm geçer bol-elin,
Güne biparh garaman
Özüm türkdürin welin.
Ýatsam ýoñsuz
ýataryn,
Ýetsem birden
ýeterin,
Öz öndüren çagamy,
Ilden ogryn sataryn.
/döwür şeýle
nädeýin/
Kakabaşym kakabaş.
Miltiñ bolsa, ýakalaş.
Kakabaşym, bu başym,
Çalyşmaryn başa-baş.
PYŞYRDYLAR
Pyşyrdylar, pyşyrdylar,
Sizi çöpläp
üýşürdiler,
Paýladylar gapy-gapy,
Şeýdip, aşa
düşürdiler.
Pyşyrdylar, pyşyrdylar,
Sizi gaty çişirdiler,
Çişirdiler ýamanñyzy,
Ýagşyñyzy
ýaşyrdylar.
Pyşyrdylar, pyşyrdylar,
Sizi juda üýşürdiler,
Ýakdylar
ýamanlyk odun,
Soñ özleri üýşendiler.
KÖPЕK
Obañ ýeñsesinde, bir
el tersine
Edilen iş – gara işe
nusgalyk.
Ýatyr bezeg berip
ýeriñ üstüne –
Bir owadan köpek, dañylgy
maslyk.
Ýatyr köpek rahat,
azapdan azat,
Günäsinden, janyn berip,
üzülip.
Eh, ýöne henizem
bahana arap,
Maslygyñ boýnundan
dañylgy dur ýüp!
Nädip öldüreñde
bolmaýar iti?!
Aryñ alyp öldür, öldür
keýpine.
Ýöne soñky demde
gowşadyñ ýüpi –
Bir gowşaklyk duýsun
soñky deminde.
Ýatyr köpek özün
siñdirip ýere,
Ýowuz nadanlygyñ bir
pidasy dek.
Hem çañ basan ýüpüñ
çala sudury
Türmede öleniñ
familiýasy dek.
* * *
Nadan najyrar eger,
Çörek ýetse agzyna,
Eden etdilik eder,
Emel ýetse azgyna.
Hasapsyz zat ýok herne
Ynsap baryn ýazarmyş.
Erksizlikde ejizlän,
Azatlykda azarmyş.
Bir laýyk tap
tapylmaz,
Ne beýle sen adamzat.
Horluk hem hezil bermez,
Meslik berer köp azap.
* * *
Bolmady. Ýüzüme
urdular meniñ,
Ümdüzime tutdum tasan mal
ýaly.
Mähelläñ içinde, göýä
bir çölde,
Gezdim adam gözläp, suwsan
mal ýaly.
Nirden geldi oglan başa bu
höwes?
Men adam gözledim, biçäre kör
deý,
Agyr mähelleden eşdilmedi
ses,
Ýogsa men gygyrdym:
”Kim bar bu ýerde?!”
Birdenem mähelläñ akymna
düşdüm,
Ýitdim gitdim, başky
höwesim gaçdy.
Ejizledim. Menden zor çykdy
müşgül,
Ynam syndy. Şübhe gözümi
açdy.
Gan sowady. Karar tapdy
ýürek hem.
Göwräm oýa dolup ölüp
galdym men.
Şuny az görmäliñ
birek-birekden.
Mahal-mahal adam boljak
boldum men.