Gurbannazar Eziz
(1940-1975)
GOŞGULAR
***
Neneñ oñat!
Şol ýagyşlar ýagyp ýör,
Şol güller gülleýär türkmen düzünde.
Şahyr söýgi setirlerni ýazyp
ýör,
Senem ýaşap ýörsüñ ýeriñ
ýüzünde!
Neneñ oñat!
Bu säherde gussam ýok,
Güllerde damjalar – misli bir dürler.
Men saña ýer-gögi peşgeş beremok,
Geçdi oña ynanylýan döwürler.
Men diñe ýagyşmy, tupanmy, duman,
Parhy ýok, şadyýan, gussaly günde,
Minnetdar,
Minnetdar saña sag-aman
Ýaşap ýöreniñe ýeriñ
ýüzünde.
Güýz donun geýipdir türkmen düzleri,
Baglaram sypaýy – miwe bişende.
Barha az aýdylýar söýgi
sözleri,
Barha köp oýlanýañ iñrik düşende.
Neneñ oñat!
Täze güller açylsa,
Güle yhlas eden türkmen düzünde.
Hüwdi bolsa, çörek bolsa, gün bolsa,
Senem ýaşap ýörseñ ýeriñ
ýüzünde.
***
Maña –
seniñ gözleriñden gitme ỳok.
Maña –
seniñ sözleriñden gitme ỳok
Düşün, bu dünỳede soñky güne çen
Seniñ şatlyk hem gussaña bagly men.
Seniñ ỳüpek gijeleñden gitme ỳok.
Seniñ aỳdyñ gündizleñden gitme ỳok.
Bu garagol jahyllykdan giderin.
Ol hasaly gojalykdan giderin.
Çünki men olardan gitmän bilemok.
Emma seniñ ykbalyñdan gitme ỳok.
Men zemin.
Sen bolsa ullakan asman.
Saçyñy nur edip üstüme dökỳäñ.
Emma, düşün, läläm, şeỳle gün dogar:
Saçlaryñ gar bolup üstüme ỳagar.
Şonda ak saçyñy sylyp ỳüzüme
Gararyn belentden ỳeriñ ỳüzüne.
Men bir gyzda gözleriñi görerin.
Men bir gyzda sözleriñi görerin.
Şapakda görerin – ỳañagyñ alyn.
Gijede görerin – ỳañagyñ halyn.
Synlap ỳapraklaryñ ỳüzünde derin,
Onda seniñ gözỳaşyñy görerin.
Zemin aỳlanyp dur.
Oñatlyk örän!
Hiç bir güỳje oñ ỳoluny tutma
ỳok.
Dünỳäñ her gülünde men seni görỳän.
Şonuñ üçin bu dünỳeden gitme ỳok.
ŞANYÑA
ỲAZYLAN LIRIKI SETIRLER
I
Sen erkin bol.
Säher-säher saçyñ ỳaỳ.
Sen şat bolsañ, gözüñden nur saçylỳar.
Aç sen oñat kitaplaryñ sahabyn.
Bil ỳagşylyk, ỳamanlygyñ hasabyn.
Edepsiz sözüme öỳkele sen, ỳar,
(Käte size öỳkelemek ỳaraşỳar.)
Sen erkin bol.
Pikriñ, duỳgyñ, ezỳetiñ,
Ỳokarda ỳyldyzlar, ỳerde
gözỳetim.
Hemmesi diñe bir özüñki bolsun,
Diñe bir, diñe bir özüñki bolsun.
Sen erkin bol,
Soñky günüñe çenli
Isle ỳigren, isle-de söỳ geçenñi.
Çünki birdir asman.
Milliarddyr asman.
Çünki erkli güni bagtlydyr ynsan.
Sen erkli bol,
Bir gün ỳaşama şowsuz.
(Hudaỳam bar bolsa, seni ỳalkasyn.)
Ỳöne mydam inçe biliñde bolsun,
Meniñ gollarymyñ mäkäm halkasy.
II
Bu zatlary
oñarỳarsyñ neneñsi?
Ỳogsa pikriñ şeỳle bolmakda-da däl.
Jaỳa girseñ, jaỳyñ içi birgeñsi,
Çyksañ, oñat dunỳä, dünỳä däl –
hyỳal!
Täsin sesiñ, gunça meñzeş sözleriñ,
Seniñ näzikligiñ çäksiz göwrümi,
Sürme çalynmadyk tämiz gözleriñ,
Mar saçlaryñ nagyş kimin örümi! –
Sen pikir edeñok bular barada,
Bular öz-özünden bolỳar-da gidỳär.
Ỳasama ỳüz, ỳasama söz arada
Gezemsoñ, bilỳärin gadryñy dildar!
Men seniñ sarpañy saklaỳan gaty,
Oñ üçin ỳigitler gyỳa bakmasyn,
Näziklik ỳönekeỳ bolan pursaty –
Hudaỳ saklasyn!
Özümden soraỳan: ”Neçün, nämüçin
Sözlemeli dälmiş ỳürek joşundan”
…Men şindem duỳgymy açardym weli,
Gorkỳan duşmadyklañ gözde ỳaşyndan…
III
Sen otyrkañ, gaşym
çytaỳsam eger,
Saña ỳaman sözler diỳsem
käỳarym,
Sen umytdan gaçyp, galmagyn derde,
Men juda söỳỳärin, juda
söỳỳärin.
Vokzal diñe duşuşuklañ ỳeri däl,
Vokzal adamlaryñ aỳralyk ỳeri.
Giderin
Hem uzak aralyklardan
Aỳralykdan seni ỳeñip gelerin.
Iñrik ỳere çöküp, ỳakylsa çyra,
Saçyñ sypamaga degmese elim,
Seniñ özüñ düşünmeli ahyry
Meniñ başga yşga düşenmi gülüm.
Ỳürekde aỳdym kän.
Elde az olar,
Aỳdymym ỳok il ỳüzüne tutarlyk.
Seni unudỳaryn
Öwürme ỳüzüñ.
Düşüñỳärin – şunuñ özem ỳeterlik,
Ykbalyña aglama sen gijeler.
Şol yşkym baglapdyr sypabilemok.
Gülüm, düşülen ỳol agyrdyr-agyr,
Indem ondan asyl-asyl dönme ỳok.
Dönme ỳok şol yşkyñ keçjallygyndan,
Oñ ỳürege berỳän melamatyndan,
Iññe bolup bagra batan sözleriñ
Dünỳä çykyp etjek keramatyndan.
Gabanjañlyk etme asyl yşkyma,
Senem sakla şol yşkymyñ sarpasyn.
Häzir bolsa gije çene barypdyr,
Ownuk aladalañ unudup baryn.
Meniñ gaỳragoỳulmasyz işim bar,
Sen ỳatyber, özüm seni oỳaryn.
IY
Saña goşgularmy okap
berỳärin,
Sen diỳỳäñ nazarñy dikip nazara!
”Ỳeri, nämä gerek şu zatlañ bary,
Başga zat kän ahyr ỳazyp-bozara”.
Söỳgi setirinden çemenlik ỳygyp –
Ỳazỳaryn. Men diñe şo bilen diri.
Bagtly bir özüdir öỳtmesin ỳigit,
Şahyrlaram bagtly bolỳar ahyry.
Latyn
elipbiỳinde ỳyglan wagty: 2003-04-05
G Ü Ý
Z
Sonetler çemeni
I
Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar
ýaprak.
Ýaprak saralanda durlanýar pikir.
Ýatlaýañ geçeni öñküden köpräk,
Hem diýýäñ: “Oñatlyk, hudaýa şükür!”
Ýöne güýzüñ manysyna düşene
Diñe şu gün bile ýaşap ýörme ýok.
Çünki güýz ene deý doguryp, ýene
Indiki ýaz üçin işläp aranok.
Hana, gör, asmanda bulutlar göçýär,
Pikirem bulut deý geçýär her ýana.
Ýyldyrym gylyç deý çar ýana geçýär,
Ýyldyrym deý pikir goýsañ eýýama...
Ömri gyl üstünde ýapraklar
öçýär,
Sary şemal ony tändirip geçýär.
II
Sary şemal ony tändirip geçýär,
Soñkuja ýapragy, bir pasyl ömri.
Adam durmuşynda uly many bar:
Geçeniñ yzynda galyp ýör höwri.
Bu ýerde uly bir pelsepe-de
ýok,
Her ynsan özüçe ýasanýar bagty.
Ýaprak gaçýar. Gaçma diýip bolanok.
Ýöne, iñ gowy zat: galýar daragty.
Güýz ene deý şol daragty
emdirýär,
Sowukda, şemalda kyn bolsa-da, kyn.
Öz ýalañaç tenin ýagşa ezdirýär,
Güýzlüginden ýaza öwrülmek üçin.
Sen bir gözüñi aç, töwerege bak -
Çaga dogran enä meñzeş bu toprak.
III
Çaga dogran enä meñzeş bu toprak,
Goýýar señ öñüñde baky sowaly.
“Meniñki bag döken tohumy tapmak,
Aýt, oglum, seniñ tohumyñ barmy?”
Sen onsoñ pikire çümersiñ çuññur,
“Çagam barym” bilen bolmarsyñ halas.
“Tohum” diýen sözüñ manysy çuñdur
Hem belentdir pikir edişiñden has.
Ol sowalyñ anygyna ýetmeli,
Ýagny, saçyñ ýolup, der döküp, bada,
Ömrüñ pikriñden soñ dowam etmeli,
Şeýdip, ýaşamaly ýagty dünýäde.
Ine, şu sowala bolup baky ýar,
Topragyñ üstünden ömürler geçýär.
IV
Topragyñ üstünden ömürler geçýär,
Goýup soñky açyşlaryñ tohumyn.
Şol tohumlar sende ýokmy ýa-da bar?
Ine, etgin şu sowalyñ wehimin.
Señ aýdan pikiriñ añyrdan gelse,
Aşakdan gelşi deý tämiz çeşmäniñ.
Derýadan geçjege bir köpri bolsa -
Serişdesi bolsa, münüp-düşmäniñ.
Öten dostlaryñy örtenip ýatla,
Ýaşap ýörenleri söýmegiñ üçin.
Köñlüñi pes tutup, güýz kimin ýaşa,
Ertäñ aladasyn duýmagyñ üçin.
Uçýar hyýal guşy ganatyn
ýaýyp,
Bar sary töwerek şeýle ajaýyp!
V
Bar sary töwerek şeýle ajaýyp,
Seniñem ajaýyp bolasyñ gelýär.
Bu ýagşy dünýäniñ üstünde gaýyp,
Ölseñ-de, bu dünýä gelesiñ gelýär.
Emma ýagşy sözi beýan etme kyn,
Ýaksañ-da oñ üçin günüñ, ýyl, aýyñ.
Erbet söz jezasyn çekmeklik mümkin,
Ýagşy söz jebrine neneñ çydaýyn.
Ol edil topraga düşen tohum dek,
Ezýär ýüregimi. Jepasy kändir.
Eger bir gün goýsa urmasyn ýürek -
Aýdylmadyk ýagşy söze büdrändir.
Misli bir arassa, manyly göwün.
Bar sary töwerek ýalañaç bu gün.
VI
Bar sary töwerek ýalañaç bu gün,
Ol säherden, hatda bahardanam päk,
Ol misli tersine çöwürlen göwün.
Onuñ asyl durky. Hile-aly ýok.
Güýze, güýze meñzäñ, pikirlerim
meñ,
Güýzüñ dürs sapagyn okaýan bu gün.
Neneñ edip eredip bor ýürekleñ
Demirgazyk buzly okeanlygyn?!
Sen, pikirim, özüñçe bol iñ bolman,
Bu kyn asyr etjek işleriñ kändir.
Özüñçe bol, iñ bolmanda umman bol,
Çünki her bir ynsan giden ummandyr.
Ýörme gökde özüñ perişde saýyp,
Bu tämiz, manyly görnüşe gaýyp.
VII
Bu tämiz, manyly görnüşe gaýyp
Ýörmekde many ýok. Ynsan söýülsin.
Barlygymda pikrim bolsun ajaýyp,
Gidemden soñ gidenligim duýulsyn.
Goý, mydam mähirli sazlar
çalaýyn,
Şo saz bilen mährem duýgy oýansyn.
Meñ özüm raketañ sesi bolaýyn,
Pikrim raketa deý özümden ozsun.
Pikrim gylyç bolsun ýowuz günlerde,
Gorasyn bu ýagty günleñ sarpasyn,
Orak bolsun ak asmanly günlerde,
Orsun meýdanlaryñ bugdaý-arpasyn.
Bassyn elmydama şer işleñ howun,
Şoña telwas edýär bu däli göwün.
VIII
Şoña telwas edýär bu däli göwün,
Şoña - şer işleriñ sumat bolarna.
Erteki ýeñişleñ erte däl, şu gün,
Şu günki ýeñişleñ şu wagt bolarna.
Pikirim kök urup ýürek teýine,
Öz çykarny, öz ýazyny küýseýär.
Ähli durkum dört-bäş aýlyk geline
Çalym edýän tämiz güýze meñzeýär.
Güýz diýilen zada gutarma
ýokdur.
Güýz bolsa, toprakdan hasyl önmeli.
Meniñ güýzüm, ýollarymyz uzakdyr,
Sen ruhumdan dömüp, ýaza dönmeli.
Öz ähli mazmunym açsadym menem,
Ine, şu bag kimin ussatlyk bilen.
IX
Ine, şu bag kimin ussatlyk bilen
Ähli mazmunymy açsadym eger...
Mähribanym, diýar, sen paýhas bilen
Ilki pata, ondan soñra pursat ber.
Ýogum üçin meni gynama, diýar,
Ähli güýç-kuwwaty senden alaryn.
Özüm ýerde, gökde parlaýar hyýal,
Men şindi ýok. Ýok, men indi bolaryn.
“Biziñ kärimizde ýagşy niýetiñ
Ýarym döwlet däldigini” bilsem-de,
Niýetsiz ýaşamak çetin, ah, çetin,
Ýagşy niýet edýän wagty il senden.
Gögüñ sypyryşy deý bulut -
ýaglygyn,
Sypyrsam pikrimiñ ähli gabygyn.
X
Sypyrsam pikrimiñ ähli gabygyn,
Il-günüñ ýüzüne müýnsüz garasam.
Magtymgulyñ çaýlar içen çäýnegin
Ýuwup-süpürmäge hukuk gazansam.
Il-günüñi söýmek uly iş,
bilýän,
Ili söýsem söýşi kimin şol äriñ.
Ýekeje setirim, bir sözüm bilen
Harlamaweräýin Pyragyñ kärin.
Eý, pikirim, haçan dömjek, et
aýan.
Ýogsa, senden bu ýürege takat ýok,
Seni wagtyndan öñ aýtmak isleýän,
Seni wagtyndan öñ aýdyp bilemok.
Gije ýolsuz ýerden
ýörýän ýaly men,
Saklasam ruhumda gejek ýazy men.
XI
Saklasam ruhumda geljek ýazy men,
Indiki ýazlaryñ dänelerini.
Bereketli, mährem zemin ýaly men,
Arzuw etsem dänäñ känelerini.
Ine, biz aýlanyp ýörüs
ýollarda,
Şatlanýarys. Gam çekmänem bolanok.
Ýöne ýaşar ýaly uzak ýyllarda
Hemmämizde şol ýaryljak däne ýok.
Owal-başda seni döredip zemin,
Ekläp, saklap, söýüp, ýola besläpdir.
Çaga höziriniñ görülşi kimin,
Ol señ ýazyñ bilen joşmak isläpdir.
Saklamasañ ýaşadygyñ däl bu gün,
Şat baharyñ ol hamyla gämigin.
XII
Şat baharyñ ol hamyla gämigin
Götereliñ ruhumyzda biz merdem.
Gögem ýapynypdyr başa ýaglygyn,
Gyşyñ ysy gelýär uzak bir ýerden.
Emaý bilen çökýär zemine duman,
Asman wada berýär bir giden ýagşy.
Bilýän, öz ýazyma ýetjegim bilýän,
Ýöne haçan? Gijä galmasam ýagşy...
Seret, gökde kakyp ýeñil ganatyn,
Awara durnalar edýärler owaz.
Güýz - bu kämilligiñ alamatydyr,
Kämillikden dogan sadalykdyr ýaz.
Düşünmäge agyryña döwür señ,
Güýz paýhasy bilen pikir öwürseñ.
XIII
Güýz paýhasy bilen pikir öwürseñ
Ýamany kül edip sowurmak üçin.
Ynamsyzlyk köprüsini çöwürseñ,
Ynam köprüsine öwürmek üçin.
Görýän weli, entek iş kän
dünýäde...
Alajyñ nä, näräzylyk örtese.
Meñ umydym, meniñ iñ bir zyýada
Kämilligim, şun geljekmi, erte, sen?!
Eger bir gün saña ýetmän ölsem-de,
Çekmen tüm aşakda derdi-azary.
Otuz üç ýyl gijä galyp gelseñ-de,
Gelseñ bor ilimiñ bory üçin razy.
Herhal dirilikde azarly ýörsem,
Ýazym gelse, ýagty pikir dogursam.
XIV
Ýazym gelse, ýagty pikir dogursam,
Gitsem türkmen ýaýlalarnyñ içine.
Gurujylar bile binalar gursam,
Gül bolup örülsem gyzlañ saçyna.
Awara şemala meñzeş gyratyñ,
Ýallaryn sypalap, sährama sürsem.
Ýoklugymda boljak ähli hormatyñ,
Dirilikde ýeke birini görsem.
Işlesem, bilmesem öler-galarym,
Ajalam birsellem golaýma gelmez.
Ahyrsoñy, ahyrsoñy ölerin,
Ýöne giç. Ol meniñ öldügim bolmaz.
Meni tohum kimin ýygnar bu toprak.
Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak.
MAGISTRAL
Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar
ýaprak,
Sary şemal ony tänderip geçýär.
Çaga dogran enä meñzeş bu toprak,
Topragyñ üstünden ömürler geçýär.
Bar sary töwerek şeýle ajaýyp,
Bar sary töwerek ýalañaç bu gün.
Bu tämiz, manyly görnüşe gaýyp,
Şoña telwas edýär bu däli göwün.
Ine, şu bag kimin ussatlyk bilen
Sypyrsam pikiriñ ähli gabygyn.
Saklasam ruhumda geljek ýazy men -
Şat baharyñ ol hamyla gämigin.
Güýz paýhasy bilen pikir
öwürsem,
Ýazym gelse, ýagty pikir dogursam.
SÖÝGI
Sonetler çemeni
I
Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler,
Günler ömrüñ eleginde elener.
Yza dönmek islär däli göwünler,
Geçen gün şäher däl – gaýdyp gelere.
Her kimiñ geçenden bir ahmyry bar,
Mende-de ahmyr bar. Ýöne men hergiz
Seniñ ruhuñ bilen ederin mydar,
Meniñ bar ruhumy direlden serwim.
Ýolumyzyñ çatak düşeni üçin,
Gam çekme. Bu derdi götergin merdem,
Uruşdan aman-sag halas bolmak kyn,
Has kyn halas bolmak ýatlamalardan.
Düşüñ, ýatlamalar, köñlüme häli,
Saralan ýapraklañ düşüşi ýaly.
II
Saralan ýapraklañ düşüşi
ýaly,
Solgun ýatlamalar giripdir köñle.
Uçurdyñ eliñden arzyly ýary,
Indi bir ýatlamañ söhbetin diñle.
Köpler kimin duşmasam-da ýara men,
Duýdum bu kalbymda çäksiz diriliş.
Päklige düşündim şo duýgy bilen,
Şoñ bilen başlandy iñ gözel durmuş.
Duýmadym şoñ bilen gussa-gaýgyny,
Soradym halyñy her bir geçenden.
Öñde-soñda iñ päk – asyl duýgymy
Alyp çykdym suwuñ, oduñ içinden.
Ýollar kimin uzap barýar bu günler,
Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler.
III
Ýollarda duşuşýar aşyk
göwünler,
Wokzal. Front. Al gan örtüpdir gary.
Gysdy penjesine ölümli günler,
A men, näme üçindir, ýene-de diri.
Buguñ eteginde ýazyldym ýere.
Öldüm. Soñ seretsem, ýene-de diri.
Berliniñ öñünde öldüm men ýene.
Öldüm. Soñ seretsem, ýene-de diri.
Señ bilen ýylyndym çygly zeminde,
Señ bilen, eý, meniñ şatlygym, görgim.
Ähli ölümleri öldürdim şonda,
Özüm üçin, hemem señ üçin, serwim.
Töwerek gümmürdi, töwerek däri.
Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary.
IV
Ýollar aýra
salýar ýar bilen ýary,
Özi bolsa gidip otyr ummana.
Indi seni baky dünýeden bäri
Görüp biläýjegim örän gümana.
Ýöne mahal-mahal iñrik garalyp,
Seni ýatlap, oý edemde uzak, ýar,
Azaşan ýolagçyñ geýmine girip,
Meniñ söýgim meniñ gapymy kakýar.
Kämil bolup, aklym ýetdi bir zada:
Mydam köñül arzuwyna ýetme ýok.
Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde,
Ýaşamagam iki gezek berlenok.
Her günüñ – bir ömür, bir uly sene -
Söýgi günleriniñ adaty, ine.
V
Söýgi günleriniñ adaty, ine:
Her günüñ – açyşdyr,
her günüñ – şatdyr.
Onuñ algebrasyn çözersiñ. Ýene
Birini ýazansyñ, ikisem ýatda.
Meniñ söýgim şeýle kämil çykypdyr,
Eger sen dönäýen bolsañam daşa,
Söýgim gursagyña girip, diýerdi:
“Sen meni ýaratdyñ. Indem sen ýaşa!”
Bir gösem-ä, saña elim ýetenok.
Bir görsemem, ruhumda sen, sen golaý.
Bir özüme gökde ýyldyz az ýaly,
Ikimize welin, ýeterlik olar.
Ýatlama-da sary, gussa-da sary.
Yşk lezzeti köñli guçýar günsaýy.
VI
Yşk lezzeti köñli guçýar
günsaýy,
Ol lezzet bahardyr ýar bilen ýara.
Baglañ pyntyk ýaryşy deý mart aýy,
Ähli duýgularyñ pyntygyn ýarar.
Şeýdip, mana düşer ýigdekçe, ine.
Nädogry ýaşaýşy birden sazlaşar.
Düşüner ol Aýyñ gözelligine,
Lukman bolup güller bilen sözleşer.
Aşyk ýigit bilen söhbet açma kyn:
Şol wasp eder otyr ýerdäki aýyn.
Demigip gürrüñ biýr saña günuzyn,
Ol uzyn gijä-de taýyndyr taýyn.
Köñül öwşün atmaz yşkyñ nuruna,
Aşyklar duşmasa biri-birine.
VII
Aşyklar duşmasa biri-birine,
Bir deñze guýmasa ol goşa derýa,
Ähli umyt siñer ýeriñ şoruna,
Ähli geljek göni geçmişe barýa.
Men seni soraglap gezýän dünýäni,
Seni tapjak bolýan şamu-säherden.
Bu gün bu şäherden otla münýärin
Taparyn diýp başga oñat şäherden.
Sorag belgisi deý garañky gökde,
Egri aý soragly bakýar gözlerme,
...Ýyldyzlar uzakda, şeýle uzakda,
Uzaklygy çalym edýär gözlerñe.
Ýürekler almasa söýgüden paýy,
Dogmajak ýalydyr güni hem aýy.
VIII
Dogmajak ýalydyr güni hem
aýy,
Aşyk ýigit aýra düşse ýaryndan,
Ýöne gam çekmekde, heý, many barmy?
Bu ýeke-täk ýolmy ýollañ baryndan?
Söýgi hasrat däldir.
Ýürekde dörän,
Hiç mahal guramaz baldakdyr baldak.
Men söýgini belent göterdim örän,
Misli maña tabşyrylan al baýdak.
Men ölerin.
Şeýdip mazarym dörär.
(Alaç barmy – tebigatyñ emri bu).
Söýgim gelip mazaryma büdürär
Hem bir ädim uzaldar meñ ömrümi.
Söýgim gözýaş döker üstümde günde,
Her hal säher tüm çetinden jyklanda.
IX
Her hal säher tüm çetinden jyklanda,
Suwy süýjän alma kimin dañ atar.
Şeýdip, ýarym, dünýe gezen ykmanda,
Günüñ mis naýzasy zemine ýeter.
Sen meniñ bagtymmy ýa meniñ gaýgym?
Bagtymmy?
Gaýgymmy?
Ony kim bilýär.
Seslen sen, seslen sen, eý meniñ söýgim,
Saña oñat sözler aýdasym gelýär.
Men sensiz şatlykda ýaşadym, arman,
Örän köp şatlykdan ýadadym-irdim.
Seni tapsam, şat şäherde ornuñ bar.
Gussa şäherimi bagta öwirdim.
Şonda bagtym üste uly gün dogar,
Rugsat berenden soñ haýbatly horaz.
X
Rugsat berenden soñ haýbatly
horaz,
Başlar baky urşy “ýok” bilen “baryñ”.
A men sen barada ýazaryn gazal,
Oñarsam gussamy ilden gizlärin.
Öterin men ähli deñizden, otdan,
Goý, ot bilen suwdan bolsun ýazanym.
Söýmek üçin mertlik gerek bar zatdan,
Seni söýüp, soñra mertlik gazandym.
Döredi öñümde gomlaryñ beýgi,
Ýeñdim men olary ýeñşi deý gämiñ.
Belki, myradyna ýetmedik söýgi
Ýeten söýgülerden kämildir kämil.
Bu dünýe jemidir (oý ediñ, barlañ!),
Ähli duşan hem duşmadyk ykballañ.
XI
Ähli duşan hem duşmadyk ykballañ
Dünýesidir biziñ ümmülmez dünýä.
Duşanlary – bir ýassykda uklarlar,
Duşmadyga – bir ýassyk az görünýä.
Şu gün köçämizden bir gözel geçdi.
Kim ol? Ady näme? Gelipdir nirden?
Ol saña şeýle bir gaty meñzeşdi,
Señ adyñy tutman saklandym zordan.
Sen sesimi eşden bolsañ eger-de,
Ýüregñi gyýardy ol misli päki.
Men nirde ýansam-da, doñsam-da nirde,
Seniñ rahatlygyñ bozmaryn baky.
Seniñ rahatlygyñ bar bolsa eger,
Üstünden lowurdap tylla Gün dogar.
XII
Üstünden lowurdap tylla Gün dogar,
Oñatlygyñ hemem erbet pälleriñ.
Onuñ örän uly aladasy bar –
Olam aladasy uly şarlaryñ.
Ýogsa onuñ özem men diýen aşyk,
Şol ylgap ýör. Oña pellehana ýok.
Her günde bäş sany materik aşyp,
Şindem Aý ýaryna duşup bilenok.
Ýöne ol ýyladýar duşmadyklary,
Aýa duşman, edýän ahmyrna derek.
Bize-de, Gün ýaly, gussajyklary
Öz nurumyz bilen gizlemek gerek!
Oñatlyk, nur ýagsa ýagmaly wagty.
Söýülse, Gün dogsa dogmaly wagty.
XIII
Söýülse, Gün dogsa dogmaly
wagty,
Sekiz elli gussañ manysy ýokdur.
Iru-giç päk bolsa ynsanyñ bagty,
Başda söýýän wagty ýüregi päkdir.
Söýgiñ bilen maña beren päkligiñ
Bu başymy belent göge ýetirdi,
Meniñ ykbalymda seniñ ýoklugyñ
Maña juda tämiz gussa getirdi.
Seniñ gussañ bilen galdym belende,
Seniñ gussañ bilen ömrüm abatlyk.
Gussa söýgi bilen dörän bolanda,
Dünýede iñ tämiz şatlykdyr şatlyk.
Guramaz dünýede söýgiñ daragty! –
Ine, adamzadyñ iñ zerur bagty.
XIV
Ine, adamzadyñ iñ zerur bagty:
Söýgi bet pygyldan çykýandyr üstün.
Siz şeýle bir söýüñ, şeýle söýüliñ,
Goý, gökde ýyldyzlañ gözleri gitsin.
Söýüp – peslik, pislik köküni gyryñ!
Söýgi bilen söýüñ! A söýgi giñdir.
Her hal geçmişimden ýokdur ahmyrym,
Çünki meñ geçmişim – seniñ söýgiñdir.
Seniñ aýdyp ýetişmedik sözleriñ,
Ýañakda gijeden yz galan halyñ,
Seniñ meni gözläp ýören gözleriñ –
Şudur ähli geçen, geljek ykbalym.
Gör, eýýäm iñrige gark bolupdyr ýer,
Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler.
MAGISTRAL
Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler,
Saralan ýapraklañ düşüşi ýaly.
Ýollarda duşuşýar aşyk göwünler,
Ýollar aýra salýar ýar bilen ýary.
Söýgi günleriniñ adaty, ine:
Yşk lezzeti köñli guçýar günsaýy,
Aşyklar duşmasa biri-birine,
Dogmajak ýalydyr güni hem aýy.
Her hal säher tüm çetinden jyklanda,
Rugsat berenden soñ haýbatly horaz,
Ähli duşan hem duşmadyk ykballañ
Üstünden lowurdap tylla Gün dogar!
Söýülse, Gün – dogsa dogmaly wagty,
Ine, adamzadyñ iñ zerur bagty!