www.magtymguly.com
All about Magtymguly Pyragy

MAGTYMGULY PYRAGY
(1733-1783)

 

 

English Documents

 

Turkish Documents

 

Persian Documents

 

Turkmen Latin Alphabet Documents

 

Turkmen Arabic Alphabet Documents

 


Goşgulary:

 

“Türkmeniñ”, “Ýeli Gürgeniñ”, “Gidiji Bolma”, “Depe nedir”, “Öñi-ardy bilinmez”, “Döker bolduk ýaşymyz”, “Gözlär men” , “Mert bolmaz”, “Başy gerekdir”, “Baş üstüne”, “janyna degmez”, “At ýanynda bellidir”, “Kyly-kal bolar”, “Çilimkeş”, “Durasyñ geler”, “Gözel sen”, “İl ýagşy”, “Görüm görülmegen ýerde”, “Içinde”, “Salar guşun añlamaz”, “Ýagşy”, “Gaça başlady”, “ýat bolar”, “Käre döndi”, “Golda bary bolmasa”, “İli gözlär”, “Yzlamaýan bolarmy?”, “Bu derdi” , “Näme sen”, “Boýlaryña”, “aýryldym”, “Don bolsa”, “Bilmezmiñ”, “Bolar sen”, “Paş eder seni”, “Ajap eýýam gelmedi” …


 

Şygyrlar:

Sound by: Gurbandordi Geldi

Äleme belgilidir

 

Dostlar-a, dostum meniň şirin jandan söýgülidir,

Jan kibi pynhan jahanda äleme belgilidir.

 

Baş bile barsam aňa, handan olursa güzeri,

Tutsam ol ýerde watan, ol ýer ki anyň ýoludyr.

 

Diýrdi ýar: Men aşygym öz elim le katl edem,

Andan owwal gam meni paýmal edip almalydyr.

 

Özge aşyklaryň olsa paýy bent zülp-taryna,

Men garyby-bendäniň hem eli, hem aýagydyr.

 

Gaýry le bezm eýleýip, eýlese hoş köňlüni ýar,

Mejlis içre ýat edip diý: “Ol garyp gaýgylydyr”.

 

Ýar geler, wagt-da gider, gaflata batmyş gözlerim,

Açaýyn diýsem, açylmaz, ne agyr uýkulydyr.

 

Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz,

Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.

Bady sebani görsem

 

Dehistanyň baýrynda

Bady-sabany görsem.

Bahaweddin Mirkulal,

Zeňňi Babany görsem.

 

Nagleýni arşa täçdir,

Ady äleme paçdyr,

İki jahan mätäçdir,

Arap zybany görsem.

 

Gelen geçer çaşt edip,

Eglenmez güzeşt edip,

Köňül aýdar keşt edip,

Älem-jahany görsem.

 

Hezyr kimin çöllerde,

Ylýas kimin köllerde,

Kowus kimin daglarda,

Ýagşy-ýamany görsem.

 

Ýokarda Hindistany,

Arkada Türküstany,

Öwlüýäler ummany

Ol Rumystany görsem.

 

Jan pany, jahab şeýda,

Mundan hiç ýokdur peýda,

Ýedi dag, ýedi derýa, –

Däli dünýäni görsem.

 

Magtymguly hoş bolsa,

Aksa didäm, ýaş bolsa,

Imanym ýoldaş bolsa,

Barsam, Käbäni görsem.

 

Ýar senden

 

Bilbilleri ýesir eden güli-handan

Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

Ýedi yklym maňa görüner zyndan,

Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

 

İspendiýar Ruinten, Rüstem Zalynda,

Şam, Nejefde, Mekke, Dymşyk ilinde,

Arzy Karsda, Kerbelanyň çölünde,

Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

 

Şerap içip, serhoş bolup, segresem,

Ganym janyn gyýym-gyýym dograsam,

Görogly dek dagdan-daga ugrasam,

Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

 

Bir gül kokar gözel ýaryň bagynda,

Bilbil hüjüm eýlär sol-u sagynda,

Beýtullanyň Safa, Merve dagynda,

Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

 

Şyh Sengan deý uzyn gaýga ulansam,

Şibli kimin toz-topraga bulansam,

Käbä baryp, ýedi keret dolansam,

Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

 

Ýusup kibi zyndan içre aglasam,

Jirjis kibi jan ýolunda çaglasam,

Ýunus kibi haka gulluk baglasam,

Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

 

Doga kylyp, elim göge galdyrsam,

Gül, Ferhar dek gyzyl meňzim soldursam,

Gopuz alyp, beýik nagra çaldyrsam,

Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

 

İsa kibi hylwat tutsam semada,

İdris kibi gulluk etsem zyýada,

Hyzyr, Ylýas kibi girsem zulmada,

Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

 

Magtymguly, aşyklaryň mestinde,

Hyra gözi haýran olar dostunda,

Ýedi ýerde, dokuz pelek üstünde

Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

Noruzden seni

 

Bolmady bizge nesibiň, istedim güýzden seni,

Diýdiň: “Ötsün gyş, tapar men täze nowruzdan seni”.

Saýladym, seçdim, sonam, bir bölejik gyzdan seni,

Neçün biliňni guçmadym men tapyp düzden seni,

İsterim hakdan, gowuşdyrgaý maňa tizden seni.

 

Hak katynda sözüm ötmez, men kibi awara ýok,

İl-gün rehm eýlemezler, men kibi biçäre ýok,

Ýüregim sed para tekdir, hiç tenimde ýara ýok,

Sen garyp sen, men pakyr men, sende, mende çäre ýok,

Söwdügim, takdyry-hakdyr aýyrgan bizden seni.

 

Söwdügim, sen günde bir gez ýadyňa salsaň meni,

Günde ýüz katla tilär men ýardan-hakdan seni,

Başky gün sen oda saldyň men parahat bendäni,

Hak götersin aradan, şaýed, rakyp-şermendäni,

Kyl buhl bizden ýaňa ynjytsalar sözden seni.

 

Bagyňa girsem säher, bilbil bolup salsam oýun,

Gaflata, galsa rakyp, bir dem salyşsak gol boýun,

Hakdan özge çäre ýokdur, ne kylaý men, neýleýin,

İnçe bil, şirin zyban, kepder topuk sen, gaz boýun,

Saklasyn taňry penahynda ýaman gözden seni.

 

Haýryňy duşman görer, dostuň çeker jebri-jepaň,

Ýara, dildarlyk bolarmy sürmeýin zowky sapaň,

Salsalar mizana, Balkan dagy bolmazdyr päheň,

Aýdadyr Magtymguly ähdiň ýalan, ýokdur wepaň,

Biwepalar hup sowutmyşlar, sonam, bizden seni.

Baglar Hey

Ýellim Tut

Bilmezmyň

Yüregim gan içinde

Çaldy Gitdi

TÜRKMENIŇ

 

Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,

Çöl üstünden öser  ýeli türkmeniň;

Gül-gunçasy – gara gözüm garasy,

Gara dagdan iner sili türkmeniň.

 

Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,

Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,

Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,

Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.

 

Al-ýaşyl bürenip çykar perisi,

Kükeýip bark urar anbaryň ysy,

Beg, töre, aksakal ýurduň eýesi,

Küren tutar gözel ili türkmeniň.

 

Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,

Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,

Dagda, düzde kowsa, saýýatlar diri

Ala bilmez, ýolbars ogly türkmeniň.

 

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

 

Köňül howalanar ata çykanda,

Daglar lagla döner gyýa bakanda,

Bal getirer, joşup derýa akanda,

Bent tutdurmaz, gelse sili türkmeniň.

 

Gapyl galmaz, döwüş güni har olmaz,

Gargyşa, nazara giriftar olmaz,

Bilbilden aýrylyp, solup, saralmaz,

Daýym anbar saçar güli türkmeniň.

 

Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr,

Ykballar ters gelmez hakyň nurudyr,

Mertler ata çyksa, söweş sarydyr,

Ýow üstüne ýörär ýoly türkmeniň.

 

Serhoş bolup çykar, jiger daglanmaz,

Daşlary syndyrar, ýoly baglanmaz,

Gözüm gaýra düşmez köňül eglenmez,

Magtymguly – sözlär tili türkmeniň.

 

“TURGUL !” DIÝDILER

(Düýş)

 

Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda,

Bir tört atly gelip: “Turgul !” diýdiler.

“Habar biýrmiz saňa pursat jaýynda,

Şol ýerde ärler bar, görgül” diýdiler.

 

Nazarym ýetişgeç şol tört merdana,

Köňlüm joşa geldi, başym gerdana,

Şol wagtda bar idi iki diwana:

“Durma, oglan, anda bargyl !” diýdiler.

 

Şol iki diwana tutdy golumdan,

Alyban gitdiler durgan ýerimden.

Bir yşarat boldy anyň birinden:

“Seýranda baryban durgul !” diýdiler.

 

Olturypdyk, geldi iki pirzada,

Gözünden ýaş akar, dili dogada,

“Hüw, hak !” diýip çykdy alty pyýada,

“Adam indi geler, görgül !” diýdiler.

 

                        

Bir tört atly geldi, bary sebzebaz,

Asalary ýaşyl, aty teblebaz.

“Mejlis halkasyny gurmaň beýle az,

Adam köpdür, ulug gurgul !”diýdiler.

 

Daşdan çykdy, altmyş atly gördüler,

“Muhammet !” diýip, tamam garşy ýördüler,

Saglyk-salamatlyk bir-bir sordular,

“Durmaň, ulug jaýa ýörgül !” diýdiler.

 

Bir atyň ardyna meni berdiler,

Seýranda şol jaýa baryp durdular,

Tamam olturdylar, mejlis gurdular,

“Oglan-maňa-ara girgil!” diýdiler.

 

“Alydyr” diýdiler, tutdy destimden,

Borýa düşegimi aldy astymdan.

Men bilmedim, bir zat guýdy üstümden,

“Ýolugan döwrandyr, sürgül!” diýdiler.

 

Haýdardan soradym barça atba-at:

“Hazreti pygamber oldur, bolma ýat,

Ol Selim hojadyr, ol Baba zürýat,

Ol Weýsel Karadyr, bilgil!” diýdiler.

 

“Ol Bahaweddindir, ol hem bir ärdir,-

Biri Zeňňi Baba ol-da namdardyr,

Ol söýenşip duran tört çaryýardyr,

Maksadyň ne bolsa aýgyl!” diýdiler.

 

Şol wagytda duran iki şeýhi-şap,

“Bu oglana pata beriň – diýdi – sap –

Ýüz ýigrimi tört müň enbiýa, eshap,

Barysy şolardyr, bilgil!” diýdiler.

 

Resululla aýdy: “Ýa, Şahymerdan,

Eýa, Selim hoja, ýa, Baba Selman,

Ebubekir-Sytdyk, ýa, Omar, Osman,

Bu gulnuň maksadyn bergil!” diýdiler.

 

Selim, Baba Selman buýurdy merde,

Pyýalany tutup, saldylar derde,

Gitdi akyl huşum, ýatdym şol ýerde

“Arşda, ferşde ne bar, görgül!” diýdiler.

 

 

Ýel boldum, ýügirdim ýeriň damarna,

Nazarym tokundy Arşyň kemerne,

“Jebrut äleminde Jelil syryna –

Gelip, özüň garap götgül!” diýdiler.

 

Näge hyýal etsem, ele getirdim,

Kaýda baksam, aňa nazar ýetirdim,

Bu hal ile men parahat ýatyrdym,

Ýüzüme tüýkürip: “Tur gul!” diýdiler.

 

Resululla aýdy: “Eshaplar, ýörüň,

Oglany uzadyň, bir pata beriň,-

Buýurdy tört atla, eltip tabşyryň,

Getirgen jaýyňda goýgul!” diýdiler.

 

Turup, Magtymguly gözün açypdyr,

Serine ne köýler gelip geçipdir,

Hyra ner dek ak köpükler saçypdyr,

“Oglan, Alla ýaryň bargyl, bargyl!” diýdiler.

 

GÖRDÜŇMI

 

Ýagty salar gider zulmat tününde,

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

Bahar eýýamynda, heýhat gününde

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

Anka sypat turup, “Hüw!” diýip galkan guş.

Gijesi tirikdir, gündizi bihuş,

Redaly jindeli, egni hyrka puş,

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

Gan edipdir pelek bagrym pyrakda.

Elmydam gezer men ýar diýip sorakda,

Käbe etrapynda, Şamda, Yrakda

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

Rumda, Gypjakda, Çynda-Maçynda,

Zemaýel ornunda, arşyň içinde,

Yklym degresinde, pelek burçunda

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

Aşyklar ahynda, Gulzum döwründe,

Kubbatyl-yslamda, Jeýhun bahrynda,

Sidre sährasynda, İsa şährinde

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

Hezret Aly etgeç älemge dawy,

Kapdan Kaba düşdi hazretiň çawy,

Ýa yklym eýesi Ahmet Ýasawy,

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

Mesgen tutmuş gara dagyň burnunda,

Alynyň mülkünde, İsa ornunda,

Ýeriň arkasynda, gögüň garnynda

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

Magtymguly çeker ýaryň gamyny,

Gezip, tapa bilmez ruýy-zemini,

Ýa, ady Jebraýyl – hakyň emini,

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

 

NÄME SEN

 

Asla seni görmemişem, dildarym!

Gumrymy sen, bilbilmi sen, näme sen?!

Gamgyn köňlüm hyýalyňda aldaram,

Bag içinde gülgülmi sen, näme sen?!

 

Garaçymyň, ýa seýitmiň, hojamyň,

Ýa sakymyň, ýa şerapmyň, ýa jammyň,

Ýa ýylmy sen, ýa gündizmiň, gijemiň,

Ýa Aýmy sen, ýa Günmi sen, näme sen?!

 

Ýa müşkmi sen, ýa kokunar anbarmyň,

Aýda bilmen, ýa çarhmy sen, çenbermiň,

Ýa derýamyň, ýa möwçmi sen, lenbermiň,

Ýa girdapmyň, ýa burgunmyň, näme sen?!

 

Altynmy sen, kümüşmi sen, zermi sen,

Ýa arşmy sen, ýa kürsmi sen, ýermi sen,

Ýa ýakutmyň, ýa merjenmiň, dürmi sen,

Ýa çyragmyň, ýa röwşenmiň, näme sen?!

 

Magtymguly, geç namysdan, aryňdan,

El götergil bu wepasyz käriňden,

Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan,

Meý-mestmi sen, ýa şeýdamyň, näme sen?!

 

BU DERDI

 

Keşt eýledim, gezdim yşkyň dagynda,

Ne beladyr, kimse çeker bu derdi.

Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan,

Gök titreýip, çeke bilmez bu derdi.

 

Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar,

Yşka düşse, guşlar eňrär, gurt aglar,

Egiler haýbatly, kuwwatly daglar,

Daşlar erip, çeke bilmez bu derdi.

 

Kimdir yşkyň ýükün çeken merdana,

Pelek gördi, gorkup düşdi gerdana,

Zemin jünbüş eýläp, geldi lerzana,

Çöller, düzler çeke bilmez bu derdi.

 

Behişt gaçyp çykmyş arşyň öýüne,

Tamug gorkup, inmiş ýeriň teýine,

Gaçdy derýa, adam aldy boýuna,

Tört ýüz ýyllap çeke bilmez bu derdi.

 

Magtymguly, çekseň derdi-dügünden,

Asy bolup, şikat etme bu günden,

Bu ölmek, aýrylmak galypdyr öňden,

Peder bize miras goýmuş bu derdi.

 

HER ÝANA

 

Ýarsyzlykdan ýaman iş ýok,

Göz salyp gezsem her ýana.

Ýa, ýaradan, bir ýar bergil,

Köp muşakgat degdi jana.

 

Bir ýar bergil etli-ganly,

Köňli giň, göwsi meýdanly,

Dil bilen, akly kemally,

Ýüzi hem bolsun görkana.

 

Gadyr bilenden daş etme,

Nägadyra ýoldaş etme,

Til bilmez bela duş etme,

Sada dil bolsun – türkana.

 

Keremiň güçlüdir, görgül,

Diýr sen: “Doga kyl, el gergil”.

Ne berseň, tizräk bergil,

Ygtybar ýokdur bu jana.

 

Boýy uzyn, pes bolmasyn,

Hetden aşa mes bolmasyn,

Akylsyz, näkes bolmasyn,

Sadadan bolsun – türkana.

 

Ýagşy aýal ele gelmez,

Nadan ýagşyň gadryn bilmez,

Aýalsyza mydar bolmaz,

Dönseň häkim Süleýmana.

 

Derwüşlere ýolsuzlygy,

Ýigitlere malsyzlygy,

Ylahy aýalsyzlygy

Görkezme hiç musulmana.

 

Magtymguly, köýsem, bişsem,

Ynanmazlar oda düşsem,

Höwesim bar, bir gyz guçsam,

Diýsem sözümni erkana.

 

GALYP MEN

 

Jahyllygyň joşy çykdy başymdan,

Men ol joşdan haly bolup galyp  men.

Bir gama ulaşdym, gitdim huşumdan,

Bu dert ile doly bolup galyp men.

 

Başym ýüz höwesde, köňlüm joşgunda,

Girdaba düşüp men däli daşgynda,

Nežd dagynda gezen Mejnun yşkynda

Ýanar otly Leýli bolup galyp men.

 

Ýigitlik paslyny gyşa ýetirdim,

Kämillik kiştisin derýa batyrdym,

Beýik pikre galdym, aklym ýitirdim,

İl içinde däli bolup galyp men.

 

Bu dünýäni göçüp bargan göç bildim,

İşini bet aňdym, özün puç bildim,

Öňün oýun gördüm, sonun hiç bildim,

Tirik erkek, öli bolup galyp men.

 

Magtymguly, paş eylegil sözüňni,

Pelek muşty häk etmeýen gözüňni,

Bu wagta deň ýaş bilerdiň özüňni,

İmdi gör, bak, uly bolup galyp men.

 

OGLUM – AZADYM

 

Azady:

- Paş eýle syryňny, saklama pynhan,

Emma ki, sözümden çykmagyl, oglum!

Günde ýüz köý geler-geçer bu başa,

Agyrtma, köňlümi ýykmagyl, oglum!

 

Magtymguly:

- Utanardym, syrym paş eýlemezdim,

Paş ederin, habar alsaň, Azadym!

Ýüz köý geler-geçer her gün bu başa,

İstäri bar, sapar kylsak, Azadym!

 

-Jepa urma özüň, çagyr möwlany,

Arzuwlama hany, begi, soltany,

Besdir bize owwal taňry bereni,

Aldyrma köňlüňni, gitmegil, oglum!

 

-Gidenimiz ýok alty bile, bäş bile,

Seýran etsek niçe deň-u duş bile.

Meger şonda gamgyn köňlüm hoş bola,

Könül galkar, karar etmez, Azadym!

 

-Werzişiň ýok, ýaş sen, gide bilmer sen,

Şöwür bar, şowhun bar, çyda bilmer sen,

Her işe baş goşup, ede bilmer sen,

Gitmeklik ýagdaýyn etmegil, oglum!

 

-Kişi sözlemeýen, syry paş olmaz,

Ýagşydan, ýamandan aňlan ýaş olmaz,

Şu gez ibermeseň, köňlüm hoş olmaz,

Raýymyz gaýtarma, goýber, Azadym!

 

-Bizi beýle niçik terk edesiň bar?

Bu ýol bihudadyr, bir gidesiň bar.

Gel, gitmegil, saňa köp terhosym bar,

Gaýgy, harajata batmagyl, oglum!

 

-Kalbyma giripdir yslam höwesi,

Teňňedir, dirhemdir halkyň tamasy,

Köňlüm narow etme, kylma terhosy,

Bir sapar işidir, goýber, Azadym!

 

-Kuran okyp gezgil, ýagşy kelamdyr,

Birehim owgandyr, dini yslamdyr,

Garakçydyr ýollar, hyzdyr, haramdyr,

Ölermiň, galarmyň, gitmegil, oglum!

 

-Syanýyn, göreýin, bu gün ykbalym,

Ýagşy gün, hoş sähet gelipmi salym,

Kast edip janymga, ýetse ajalym,

Bu ýerde hem bolsa, tapar, Azadym!

 

-Bilgeşleýin özüň nirä atar sen?

Niçik işdir, muny beýle tutar sen?

Diýgil ahyr, kimiň bilen gider sen?

Dem tartyp, her ýana, bakmagyl, oglum!

 

-Jylawdary bolmaz Ýazyr han piriň,

Köňül guşy perwaz urar pakyryň,

Bu gün ýedi gündür, “alhamd” okyryn,

Şat eýle köňlümi, goýber, Azadym!

 

-Azady diýr, bile sapa süreli,

Eýsem ibereli, synap göreli,

“Amin” diý, tur, oglum, pata bereli,

Bir taňry ýar olsun saňa, git, oglum!

 

-Magtymguly aýdar: galmyşam çohdan,

Köňül guşy telwas urar yrakdan,

Her ýerde saglygym iste ol hakdan,

Doga kylyp, haka ýalbar, Azadym!

 

KAÝDA SEN

 

Badaraga, neýlerem men, mähribanym, kaýda sen?

İki dünýä ýoldaşym, şähri-imanym, kaýda sen?

Gözlerimniň röwşeni, ýagty nuranym, kaýda sen?

Neýlerem bagu-çemeni, mahy-tabanym, kaýda sen?

Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

 

Şum pelekniň zulmundan çykmyş jesetden jany, heý,

Gitdi ol şähri-behiştge, aýrylyp imany, heý,

Sowuldy daglar başyndan, ýagynly dumany, heý,

Turdy naglydan bu gün, ol guradyp ummany, heý,

Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

 

Görmedim öz rastyma, ol bakydan gül deý ýüzün ,

Diýdi: görmedim çyragym, ýaş ediban ol gözün,

“Pyragy! Pyragy!” diýip, unudyban ol sözün,

Berdi ol zemin içre biygtyýar görge özün,

Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

 

Aýra düşmez käkilik, çölde goýuban balasyn,

Agalýyr bilbil mydam, älemge ýaýyp nalasyn,

Ak maraldyň owlagy çyksa golundan, neýlesin,

Şum pelekde ýok utanç, saldy-la pyrkat hilesin…

Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

 

İl-güni bolmasa, şalar tagtydan düşer gider,

Salsaň ol narga daragtny, kül bolar, bişer gider,

Bazsaň ki ary hinini, döwr eýleýip, üýşer gider,

Ölse göz astyda owlak, gäbesi çiýşer gider,

Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

 

Ýygnaýyrlar mallary bir kişi eýläp sarwan,

Ukyda ýatsa kişi, mallar ki çaşar bigüman,

Duşadyr börige her dem, galmaýä biru aman.

Düşdi başymga ki, dostlar, beýle bir ahyrzaman,

Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

 

İl-uluslar zar edip, kyldy özüni har-u zar,

Gyş pasylga öwrülibän, gitdi ol pasly-bahar,

Guýdy bulutlar ýagmyryn, halymga eýläp gahar,

Joşduryp dünýä ýüzün, umman deýin siller akar,

Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

 

 

Girmişem baga rowan, solmuş ki gördüm güllerim,

Tyg degmeýen, damy ösüp, ölmüşki ol bilbillerim,

Çykdy derýa kenaryndan, akdy dünýä sillerim,

Aglaýyr Aýym-Günüm, matam tutuban illerim,

Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

 

Goç ýigitniň goludan gaçdy bu gün, gör, gylyjy,

Uzamaz, ýetmez, zeminde, ýokdur anyň alajy,

Dökdi ýapragyn birden, ýas tutup serwi agajy.

Daýy, dogan-gardaşy zar eýleýip hem-de bajy.

Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

 

Aýra düşüp käbeden, goýdum Pragy adyma,

İl-ulus, hazynadan düşmez bir zerre ýadyma,

Gördi garakçy bu gün gol urdy göwher zadyma,

Eredi daglarnyň daşy, çydamady oduma,

Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

 

 

ILDEN UÝALMAK

 

Aşyky-ezel men, sonam, men saňa,

Ne edep-erakan bar, ilden uýalmak.

Iltifat etmediň hergiz sen maňa,

Eýlemez bu işi bir gara galpak.

 

Meniň deý yşkyňda çohlar sen ýaryň,

Gündiz giriftaryň, gijeler zaryň.

Ömrüm paýmalymdyr, janym nisaryň,

Bolsaýdy waslyňa bir çäre kylmak.

 

Eger ki hiç isem, sana geler men,

Hoşk istihan isem, gana geler men,

Murdaý sed sal isem, jana geler men,

Bolsaýdy bezm içre bir ýada salmak.

 

Ahym şeraryndan üýn salyp otlar,

Bardylar dergaha eýleýip datlar,

Eridi, ab oldy jümle jemadlar,

Öňden soňa barmy hiç beýle bolmak.

 

Bendäňem, ger diýseň: “Nan beren alsa”.

Mydam mätäjiň men, kän beren alsa.

Ger zowky-wysalyň jan beren alsa,

Ýaraşar Pyraga jan berip almak.

 

ÖÝLENGIN

 

Ýigit halyň garrylyga

Salaýyn diýseň, öýlengin.

Kethudalyk endişesin

Kylaýyn diýseň, öýlengin.

 

Kethudalyk gözel ýoldur,

Gaýgy garrydar, gam öldir,

Ýigitlik bir gyzyl güldür,

Solaýyn diýseň, öýlengin.

 

Öý, il gerek, ýorgan-düşek,

Perzent bentdir, aýal-duşak,

Ýüke werzigär boz eşek,

Bolaýyn diýseň, öýlengin.

 

Gezer sen oýnap, dalaşyp,

Galar sen gama bulaşyp,

Hasrata, derde ulaşyp

Galaýyn diýseň, öýlengin.

 

Joşgun eder sen özüňden,

Aýrylar sen hoş ýazyňdan,

Tükenmez derdiň yzyndan

Ýeleýin diýseň, öýlengin.

 

Ötir ýigitlik zamanyn,

Getir garrylyk dumanyn,

Dünýäniň ýagşy, ýamanyn

Bileýin diýseň, öýlengin.

 

Ýigitlik bir gyzyl gülşen,

Garrylykda öçer röwşen.

Gujak-gujak gara ýowşan

Ýolaýyn diýseň, öýlengin.

 

Magtymguly, gezip her taý,

Etmezdiň jahanda perwaý,

Pygamber sünnetin berjaý

Kylaýyn diýseň, öýlengin.

 

 

 

AÝRYLDYM

 

Bilbilem, ahy-zar çekip,

Täze gülzardan aýryldym.

Gözden ganly ýaşym döküp,

Ol söwer ýardan aýryldym.

 

Ýara ýaraşar sürmeçe,

Sypatyn söýlärem ança,

Lebi şeker, agzy gunça,

Zülpi garadan aýryldym.

 

Şirin janda ýokdur takat,

Jebri anyň jana rahat,

Gaşlary pitneýi-apat,

Çeşmi hunhordan aýryldym.

 

Aýryldym gunça-gülümden,

Syýa saçy sünbülimden,

Hoş owazly bilbilimden –

Şirin güftardan aýryldym.

 

Däli köňlüm arzymany,

Külli gözelleriň hany,

Sekiz jennetiň bostany,

Bakjaly bardan aýryldym.

 

İlleri bar diňli-diňli,

Sowuk suwly, ter öleňli,

İli – gökleň, ady – Meňli,

Näzli dildardan aýryldym.

 

Magtymguly, aşyk mestan,

Bagladym şanyna destan,

Menzilgähi bag-u bostan,

Almaly nardan aýryldym.

 

 

GÖZEL SEN

 

Gün hanjary gökden ýere inende,

Güne garşy dogan Aýy, gözel sen!

Ussa Jagfar işi, senjap jüppesi,

Yspyhanda gurlan ýaýy, gözel sen!

 

Saçbagyň ujunyň simdir işmesi,

Üstüňden ýol düşse, kyndyr aşmasy,

Agzyň aby-haýat, Zemzem çeşmesi,

Aýn-al baky suwnuň laýy, gözel sen!

 

Gyzyl diýsem – gyzyl, al diýsem – al sen,

Hindistanda – şeker, Bulgarda – bal sen,

Yşk bilen açylan bir täze gül sen,

Ýusup-Züleýhanyň taýy, gözel sen!

 

Her kim güýçli bolsa, oňa “pir” diýrler,

“Dertli guluň dermanyny biýr” diýrler,

“Gawunuň ýagşysyn şagal iýr” diýrler,

Ýkbally bendäniň paýy, gözel sen!

 

Owazyň Çyn-Maçyn, daglar aşasy,

Seni görenleriň akly çaşasy,

Hindistanyň reňkli gyzyl şişesi,

Suraýy çilimniň naýy, gözel sen!

 

Magtymguly halkdan syryn gizlese,

Dişini uşadyň, ýalan sözlese,

Owalda, ahyrda eýäm gözlese,

Garyp biçäräniň paýy, gözel sen!

 

 

 

MEŇZÄR HÜKÜMLI

 

Köňüller köşkünde hyýalyň hany

Öwlady-hüňkara meňzär hükümli.

Aşyk çeker nalany,

Ýada salar läläni,

Ýerde beşer patyşahy,

Hudaýymnyň halyny,

Gamzaň garakçysy salar talany,

Kirpigiň ok, gaşyň ýaýdyr çekimli.

 

Gözelleriň waspyn etseler kanda,

Älem agzy tamam jem ola sende,

Tä jan bardyr bu tende,

Arzumendim bar sende.

Adyň Ruma düşdi, owazyň gitdi Hinde,

Leýli saňa kenizek, Züleýha bolsun bende

Men hem seniň derdiňden galyp erdim dermende,

Bagda biten gülçihre sen bulgur bakymly.

 

Yşkyň ataşyny saçyp sen düze,

Jan polatdan bolsa, dözmez bu köze,

Gonsa dilber, bu köze,

Zyban geler her söze,

Görküň Güneşi dogsa, ne san bardyr ýyldyza,

Alma zenehdana, bu kümüş ýüze

Syýa zülpüň suratkärdir dökümli.

 

Humaý oturyşly, laçyn turuşly,

Kebuter topukly, maral görüşli,

Täze helal gaşly, merwerit dişli,

Tawus guş zynatly, Dawut towuşly,

Tezerw şiweli, käkilik ýörişli,

Tugun guş timarly, tarlan bakymly.

 

Baglanyban çyksaň şiddeýi-gülzar,

Husnuň hyýalaty älemni aldar,

Aşyk aýdar: “Eý dildar,

Husny Güne taý dildar,

Tapar hajyň sowabyn –

Her kim bir garyp goldar,

Magtymguly, sen dek görmedim, dildar,

Bu jana taraly, köňle ýakymly.

 

BU IŞI

 

Bende, sen bet işe batyrlyk etme,

Aldyňda goýarlar ol gün bu işi!

Nebse uýma, şeýtan raýyna gitme,

Hajalata goýar, bilgin bu işi!

 

Nebsiň aýdar: “Urgun bu bir hözirdir!”

Janyň aýdar: “Haý, dur, taňry häzirdir!”

Sen görmeseň, ol-ha saňa nazyrdyr,

Utangyn, eýmengin, goýgun bu işi!

 

Bir ýolda güňä bar, bir ýolda sowap,

Arasatda senden istärler jowap,

Halala hasap biýr harama-azap,

Şeki ýokdur, ýada salgyn bu işi!

 

Ömrüň geçip  bargan ýazdyr bir sagat,

Ne bolar, bu ýazda eýleseň tagat,

Sowaba şatlyk bar, jürme – hyjalat,

Boýnuňa almagyn, gelgin, bu işi!

 

Başyň göge, göwsüň ýle göterme,

Köňlüňe gorkyny çala getirme,

Ýürekde ýok sözü tile getirme,

Yhals gulagyna çalgyn bu işi!

 

Mysapyr sen, mukym işin gurar sen,

Bibaka dünýäde niçe durar sen,

Munda ne iş etseň, anda görer sen,

Ýagşydyr, ýamandyr ol gün bu işi!

 

Şeýtan aýdar: “Şirin işdir, azagoý!”

Rahman aýdar: “Nebs umydyn üzegoý!”

Magtymguly: “Tur, goluňny köze goý,

Eger dözebilseň, kylgyn bu işi!”

 

GÖZLEMEÝIN BOLARMY

 

Bir käkilik aldyrsa zürýe balasyn,

Saýraý-saýraý, gözlemeýin bolarmy?

Bir bilbil ýitirse gyzyl lälesin,

Hasratyndan sözlemeýin bolarmy?

 

Kürresi elinden gitse eşegiň,

Telmuryp tört ýana, gözlär uşagyn,

Akamaýa aldyrsa elden köşegin,

Bagryn bozup, bozlamaýyn bolarmy?

 

Bir jeren aldyrsa elden owlagyn,

Bala sesin diňläp, salar gulagyn,

Döke-döke gözýaşynyň bulagyň.

Mäleý-mäleý, yzlamaýyn bolarmy?

 

Agsagyň elinden alsaň agajyn,

Ýaman derde düşer, tapmaz alajyn,

Bir güýçli duşmana duşsa mekejin,

Jojugyny gizlemeýin bolarmy?

 

Aýralyga adam ogly neýlesin?

Kim galar görmeýen ajal hilesin,

Magtymguly, haýwan bilse balasyn,

Ynsan bagryn duzlamaýyn bolarmy?

 

ATAMYŇ

 

Altmyş ýaşda, nowruz güzi, luw ýyly,

Turdy, ajal ýolun tusdy atamýň.

Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli,

Ömrüniň tanapyn kesdi atamýň.

 

Agyr döwletlere köňül goýmady,

Bu jahanyň eşretini söýmedi,

Eski şaldan artyk puşeş geýmedi,

Ahret öýi boldy kasdy atamyň.

 

Diýrdi: Dünýä durmaz, ömre baky ýok,

Gündiz roza, gije bolsa uky ýok,

Müňkür bilmez, muhluslaryň şeki ýok,

Pygamber destidir desti atamyň.

 

Görmesem, söýlemen oý bile çenden,

Maksadyna ýeter ýykylan çyndan,

Ýarysy melekden, ýarysy jyndan,

Müjewürsiz bolmaz üsti atamýň.

 

Nukaba diýrler, üç ýüz eren uugraşdy,

Çiltende atama nazarym düşdi,

Nujeba barsam, heftenlere garyşdy,

Abdallardyr çyn peýwesti atamýň.

 

Älem içre adam galmaz, at gezer,

Bu syrlardan jahan halky ýat gezer,

Jany jennet içre, gökde şat gezer,

Ýerde hoşwagt ýatar posty atamýň.

 

Magtymguly, gizlin syryň bar içde,

Kämil tapsaň, kyl gulugyn serişde,

Magşar gün gaýgysyz girer behişde, –

Her kim çyndan bolsa dosty atamýň.

 

AT ISLÄRIN

 

Kerem etseň, kadyr alla,

Düňýälikden at islärin.

Talygym ukuda galmyş,

Bir açylmyş bagt islärin.

 

Ýoksuzluk bir ýaman ýoldur,

Pakyr menem, golum galdyr,

Halal ryzk ber, kesp bildir,

Kimiýa atlyg ot islärin.

 

Ýalan dünýäde ýörmäge,

Döwlet ber, aşret sürmäge,

Ömür ekläp, gün görmäge,

Segsen ýyl pursat islärin.

 

Hajy Bekdaş, Abdylkadyr,

Hoja Ahmet, Ymam Ryzadyr,

Feridun bir öwlüýädir,

Baryndan hümmet islärin.

 

Pyragy, yşka ugraşdym,

Derýa girdim, möwje düşdüm,

Hor galmasyn puştba-puşdum,

Berkarar döwlet islärin.

 

ŞYPA BER

 

Bu çölde rehm eýle garyp halyma,

Älemni ýaratgan subhan, şypa ber!

Çoh yzaly, dertli şirin janyma

Ýa, Mustafa, fahry-jahan, şypa ber!

 

On iki ymam, biri-birinden serwer,

Ýedi weli, ýaran bolup, medet ber,

Meşhet, Gara Baba, ýa Şiş pygamber,

Hasan, Huseýin, Şahymerdan, şypa ber!

 

Nuh pygamber, nazar eýle bir nepes,

Ömrümi bihuda geçirdim – ebes.

Zekeriýa pygamber, ýa, Hyzyr, Ylýas,

Kowus, Kyýas, Musa, Ymran, şypa ber!

 

Ybrahymyň jandan aýryldy taby,

Käbä baran hajy tapar sowaby,

Gara Älem ata, ýa Halat nebi,

Gözli ata, Baba Selman, şypa ber!

 

Ogul döwletini bermän egesi,

Yzynda bir nyşan ýokdur nowasy,

Döw-periniň, ynsyň, jynsyň patşasy,

Soltan bolan şa Süleýman, şypa ber!

 

Özüň dogry gözle, ýa rebbim jelil,

Barçanyň ryzkyna özüň sen kepil,

Ýa Dawut, ýa Jirjis, Ybraýym Hlyl,

Ebabekir, Omar, Osman, şypa ber!

 

Dat eýläp, tilimden kyldym pyganlar,

Ýaş ýerine akdy gözümden ganlar,

Horezm ýurdunda ýatan jananlar,

İsmi Mahmyt – är päliwan, şypa ber!

 

Möwlam, ýetir mesgenime, ýurdyma,

Ýüzüm düşsün arslanyma, gurdyma,

Magtymguly aýdar, meniň derdime

Dünýäniň tebibi – Lukman, şypa ber!

 

SAN BOLSAM

 

Jam göterip, baryp ýetdim bir bapdan,

Hyrka geýip, il içinde san bolsam;

Tün içinde baryp beýtulla tapdan,

Zar ýyglaýan sahyplarda hun bolsam.

 

Abu Sagyt, Omar Haýýam, Hemedany,

Firdöwsi, Nyzamy, Hafyz perwany,

Jelaleddin Rumy, “Jame ul-many”,

Alarnyň jaýynda men hem kän bolsam.

 

Damganyda ýörgen   ussat Nowaýy,

“Çar diwany”, “Perhat-Şirin” zybaýy,

Zahyreddin Babur, “Mizan-öwzany”,

Gaşlaryna baryp men Mejnun bolsam.

 

Okyp bildim Saadynyň men “Bostanny”,

Gör, ne ajap Hakanynyň “Meýdany”,

İstär men “Şahnama”, “Sakynamany”,

Halyf Omar birlen Süleýman bolsam.

 

Salman Afsaly serhoş eýleýip,

Bähram Gury tutup, mehduş eýleýip,

Azadud-döwläni bir guş eýleýip,

Abu Mähfuz, Gyzyl Aslan han bolsam,

 

Ebubekir gan ýyglap farsda galsa,

Aly, Mämün, Abisdama deň bolsa.

Zünnun baryp, Rüstem Zala zor salsa,

Rüstemiň derdine men derman bolsam,

 

Galen Eflatuna ýolun görkezip,

Dawut, Osman bilen Aly ürküzip,

Kubat pederi Hosrawyny gorkuzyp,

Olar diýgen bilen din-iman bolsam.

 

Arbalet golunda, eý Magtymguly!

Rüsteme İskender hiç tutmaz ýoly,

Ne bolsa, bilgeý sen ilat hyýaly,

Dertliler alnyňda men Lukman bolsam.

 

MÄTÄÇ EÝLEME

 

Kadyr jepbar, senden dilegim kändir,

Sen meni namarda mätäç eýleme!

Hazynaňdan bergil meniň ryzkymy,

Bendäňi bendäňe mätäç eýleme!

 

Azaşdyrma dogry ýolum egrige,

Egrini deňleme hergiz dogryga,

Kişi maly nesip etmez ogryga,

Halaly harama mätäç eýleme!

 

Namart köprüsinden ölsem geçmez men,

Kerwen bolsam, halal işden gaçmaz men,

Elinden bir käse şerap içmez men,

Sag elim sol ele mätäç eýleme!

 

Ýagşy niýet – senden dilegim köpdür,

Ajy sözler dilden çykan bir okdur,

Doganyň dogana bahasy ýokdur,

Agany inige mätäç eýleme!

 

Magtymguly, hakdan dile baryny,

Dilär bolsaň, dile öz imanyňy,

Abat eýle iki gözüm nuryny,

Sag gözüm sol göze mätäç eýleme!

 

SÖÝMÜŞEM SENI

 

Ýa habyp, hak resuly sen,

Çyn jandan söýmüşem seni.

Derwüşler gadyr gijesiň

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Eýleýip seýr-u seýrany,

Keşt etsem killi Eýrany,

Misli Ybraýym Sarany

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Ýakup ýurt etdi Kengany,

Ogludyr Müsür soltany,

Misli Ýusup Züleýhany

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Ýalançyny tutdy ady,

Olardyr yşkyň binýady,

Majnun Leýli perizady

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Dildi daglaryň zirini,

Tapmaýan biri-birini,

Aşyk Perhat ol Şirini

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Egdi meni düňýe maly,

Bolmady yşkym kemaly.

Seýpelmelek Mahjemaly

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Basdy muhubbet nyşany,

Keşt eýledim çar köşäni,

Ýemende Warka Gülşany

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Gitdi elden ygtyýary,

Galmady sabr-u karary.

Aşyk Nowruz, Gül-Ferhary,

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Bir gün ýolukdylar Hyzra,

Durdular nyýaza, nezre,

Bir-birini Wamyk, Uzra

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Gezdiler Rumuň düzüni,

Berdiler hakyň karzyny,

Aryzda Ganbar Arzyny

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Tutmady olar dünýäni,

Galmady ýary-ýarany,

Misli ol Tahyr-Zöhräni

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Bu dünýä goýupdyr kimi,

Hoş tutuň bäş günlük demi,

Aşyk Garyp Şasenemi

Söýen dek söýmüşem seni.

 

Magtymguly, dünýä pany,

Ötüpdir Rüstemler, kany?

Aý, Gün-u Zemin, asmany

Söýen dek söýmüşem seni.

 

GÜLE MEŇZÄR

 

Eý, ýaranlar, ýagşy ýaryň

Goýny jennet, güle meňzär;

Sözlese, dürler saçylar,

Dilleri bilbile meňzär.

 

Yşk ody ýandyrdy bizi,

Sormaňlar menden sözi,

Ýaryň eýgi gyzyl ýüzi

Göýä Aýa-Güne meňzär.

 

Näler çekdim derdi-pyrak,

Ýeteý diýsem, ýolum yrak,

Galam gaşly, badam gabak,

Saçlary sünbüle meňzär.

 

Zülplerine urup şana,

Meni ol kyldy diwana,

Göýä ol – şem, men – perwana,

Ýandym, tenim küle meňzär.

 

Köýen ýok düňýäde mençe,

Didar görmek ýok doýynça,

Dişleri dür, agzy gunça,

Bili inçe – gyla meňzär.

 

Gözi nerkes, boýy şemşat,

Kirpikleri misli polat,

Peri-peýkar serwi azat,

Desse-desse güle meňzär.

 

Göwsünde bar goşa nary,

Ak ýüzünde jüre haly,

Leblerinden akan baly

Şähd ile şekere meňzär.

 

Özüne köpdür binasy,

Geýip reňbe-reň lybasy,

Eline goýan hanasy,

Göýä gyzyl nara meňzär.

 

Magtymguly, bolduň harap,

İsräp tapman ýary sorap,

Orturyşyň ýola garap,

Ýol tapmadyk köre meňzär.

 

ÝARYŇ ÝAGŞYSYN

 

Gawunyň ýagşysyn şagal iýr bolsa,

Namarda duş etdiň, ýaryň ýagşysyn;

Hak, her kime haýyr – döwlet biýr bolsaň,

Patyşa bagş etdiň zeriň ýagşysyn.

 

Binamysy dertden aman eýlediň,

Baran jaýyn meýlis-mekan eýlediň,

Durna, gaz mesgenin umman eýlediň,

Hindige bagş eýläp ýeriň ýagşysyn.

 

Akyl keser, köňül galkar her bapda,

Bars-göwheri bent eýlediň mahtapda,

Bedewi – parsyda, tili – arapda,

Bagş kyldyň bady-şütrüň ýagşysyn.

 

Periler oýnaýan ajap çaglarda,

Gül, bilbil bendidir Erem baglarda,

Gara daşly, gudraty köp daglarda

Mekan eýläp goýduň garyň ýagşysyn.

 

Şalar aglar boldy – bagryn baş etdiň,

Aklyn aldyň, kör eýlediň, läş etdiň,

Magtymguly, diý, ne ajap iş etdiň,

Ýamana duş eýläp äriň ýagşysyn?!

 

NURANA DÜŞMEZ

 

Gözlerimniň röwşeni

Ajap nurana düşmez.

Bagy-Erem gülşeni

Pany-jahana düşmez.

 

Boş goýup sen bu seri,

Urdy yşkyň eseri,

Jan şehrinde bir peri

Bazar-dükana düşmez.

 

Söwdigim şirin jandyr,

Ol perige gurbandyr,

Külli aşyk haýrandyr,

Ataş-suzana düşmez.

 

Men pakyram, neýläýin,

Derdi-halym söýläýin,

Ýarym taryp eýläýin,

Gaýry zybana düşmez.

 

Türküstandyr hyýalym,

Açgyl, taňrym, sen ýolum,

Hijran dargydan salym

Däli ummana düşmez.

 

Syýadyr biten güli,

Emma şirindir tili,

Deşt içre arap ili

Adyl permana düşmez.

 

Gözüm görmüş Hindistan,

Eýran hem Owganystan,

Umman, Hazar, Dehistan…

Ýörsem, mizana düşmez.

 

Mert ýigide ber gaýrat,

Weýrany kylgyl abat,

Ötgür gylyç, arap at

Päli ýamana düşmez.

 

Kybla tutar men ýüzüm,

Galat imesdir sözüm,

Magtymguly diýr, gözüm

Gaýry watana düşmez.

 

AZADYM KANY

 

Pelek, idär idim, sen duçar bolduň,

Gözümniň nurany – Azadym kany?!

Ýüregim soguryp, seglere berdiň,

Şährimniň soltany – Azadym kany?!

 

Ymamsyz galandyr mesjit-mährabym,

Dogmady nur saçyp ol mahy-tabym,

Ýowuz galdym, sil alypdyr etrapym,

Köňlümniň ummany – Azadym kany?!

 

Şekerlikden zäher boldy sözlerim,

Zagpyran dek sargarypdyr ýüzlerim,

Kuwwat gitdi, gubarlandy gözlerim,

Münberim azany – Azadym kany?!

 

Tört paslym nar boldy, daglar eridi,

Diriler uçdular, öli ýöridi,

Giden baryp haka maňlaý diredi,

İlimniň zybany – Azadym kany?!

 

Topraklar sil boldy, siller gum boldy,

Humlar jam boldular, jamlar hum boldy,

Höwesler ýas boldy, pişäm gam boldy,

Ýüregim aramy – Azadym kany?!

 

Ölüler dirilip, arza bardylar,

Hakdan bir kelamny ýörip sordular,

Çoh ýalbaryp, “Goýber!” diýip durdular,

Öli-diri döwrany – Azadym kany?!

 

Käpirler bolupdyr ýyglap musulman,

Haka ýalbarypdyr Hydyr, Süleýman,

Bug bolulp göterilen arza, gör, umman,

Gökleňiň pälwany – Azadym kany?!

 

Armanym ýok, pelek, bir söweş kylsam,

Ýa ýyksaň, basylsam, ýa seriň alsam,

Seglere aş eýläp, bazarga salsam,

Bagymyň reýhany – Azadym kany?!

 

Güwşlüler eşitgeç, bary ker boldy,

Daglar eräp akdy, daşlar ýer boldy,

Mollalar “Kuransyz”, pirler kör boldy,

Sahyplar “Kurany” – Azadym kany?!

 

Zemin ýüzün syýa duman eýlediň,

Diýgil pelek, kimni aman eýlediň,

Pyragyny, bak, biiman eýlediň, –

Namysym, imanym – Azadym kany?!

 

BAŞ BOLMAŇ

 

Nesihat eýläýin, diňläň, ýigitler,

Pis hatyn başlagan toýa baş bolmaň!

Müň nesihat aýtsaň, birisin tutmaz,

Agzybir bolmagan öýe baş bolmaň!

 

Deňňene eýleme, salyşma kylmaň,

Arassa söwda et, çalyşma kylmaň,

Hoş mylaýym boluň, kem suhan bolmaň,

Menden zynhar, iliň bilen kaş bolmaň!

 

Hergiz ataň bolsa, bolmagyl kepil,

Burunkydan galan: “Kepiller sepil”,

Men aýdaýyn, diňlemeseň, özüň bil,

Aýaklaşma edenlerge baş bolmaň!

 

Nesihat diňleseň, ärniň äri sen,

Almasaň nesihat, köpüň biri sen,

Artyk salgydyny öziň tölir sen,

Agzy ala kowumlara baş bolmaň!

 

Dogry ýörgen, dogry gezgen dok bolar,

Biwagt ýörgen melamata çoh galar,

Ömrüň boýy ýyganaganyň yok bolar,

Haram söýen ýigitlere baş bolmaň!

 

Hergiz ýaman bilen birge ýöremäňler,

Oýnaýyp güliban, bile barmaňlar,

Kösti ýeter bir gün, ýalan diýmäňler,

Guda-gaýyn bolup, bela duş bolmaň!

 

Magtymguly, köp söwdaly başyň bar,

Ömrüň uzak, ýüzden aşa ýaşyň bar,

Özüňi bil, özge le ne işiň bar,

Bahabar ýör, hak ýadyndan daş bolmaň!

 

ZOR BOLAR

 

Ýagşylykda ile özün tanydan –

Alkyş alyp, derejesi zor bolar.

Ýaman bolup, ýagşylygy unudan –

Öz yzzatyn gider, itden hor bolar.

 

Muňly bolar myradyna ýetmeýen,

Müýnli bolar hak emrini turmaýan,

Öz ryzkyna hiç kanagat etmeýen

Gözün diker, kişi aşyna zar bolar.

 

Her kim ýamanlasa deňi-duşuny,

Özi müşgil eder asan işini,

Kim dargatsa akyl bilen huşuny,

Eder işin bilmez, şermisar bolar.

 

Zehini keç bolar bady ýaňylan,

Biygtyýar bolar goly daňylan,

Göreşde ýykylan, jeňde ýeňilen,

İçi doly namys bilen ar bolar.

 

Gaýraty kem bolar gahary azyň,

Depgini pes bolar matamda sazyň,

Öýine barsaňyz, bir biňyýazyň,

Göwresi gysylar, köňli dar bolar.

 

Kim belany satyn alsa başyna,

Reşk edip, rakyplar geçer daşyna,

Tokuş etse kim başarmaz işine,

Söwdasyndan gele bilse, är bolar.

 

Soňun toba etmez ýaňylyp-ýazan,

Ot ýaksaň gaýnamaz bir gury gazan,

Pähm ediň, her ýerde bir päli azan,

Ýowuz musallata sezewar bolar.

 

Hazyna dönüpdir ömrüm ter güli,

Nazaryn pes tutar ilden, bergili,

Biykbal, ýazykly, ýaman görgüli

Uçraş gelse, bir ýamana ýar bolar.

 

Öňde, yzda görseň her kes gulamyn,

Ondan aýamagyn taňry salamyn,

Kim okyp unutsa hakyň kelamyn,

Kyýamat gün iki gözi kör bolar.

 

Haly müşgil bolar köýüp-ýananyň,

İmany şikest tapar haram iýeniň,

Kastdan roza, namazyny goýanyň,

Özi küfür, biliň, jaýy dar bolar.

 

Magtymguly, sözle her ne bileniň,

Özüňe kemlik bil aýtman öleniň,

Taraşlap, şagratgyl köňle geleniň,

Senden soňkulara ýadygär bolar!

 

ILI GÖZLÄR

 

İlinden aýra düşen –

Ah urar, ili gözlär.

Ýolundan aýra düşen –

Jäht edip, ýoly gözlär.

 

Gökde pelek gerdandyr,

Halk ýerde sergerdandyr,

Ne bazygär jahandyr,

Göz açan maly gözlär.

 

Kimlerde altyn täçdir,

Kimler saýyl mätäçdir,

Kimler düýpden gallaçdyr,

Kim parça, haly gözlär.

 

Kim nan tapmaz iýmäge,

Kim ýer tapmaz goýmaga,

Kim don tapmaz geýmäge,

Kim tirme şaly gözlär.

 

Bu jahan bir puştadyr,

Kim zinde, kim küştedir,

Her bende bir işdedir,

Her kim bir haly gözlär.

 

Heňňam uzyn, ömür az,

Çahar pasla başdyr ýaz,

Gökde ganat ýaýan gaz –

Gözleri köli gözlär.

 

Magtymguly, huş eýläp,

Gezgin didäň ýaş eýläp,

Däli köňül joş eýläp,

Ýüz müň hyýaly gözlär.

 

GADRYN NÄBILSIN

 

Harazban goluna düşse algyr baz,

Ganatdan aýyrar, gadryn näbilsin.

Bir çopan eline degse bir almaz,

Çakmak daşy kylar, gadryn näbilsin.

 

Pakyra mynasyp sabr-u kanagat,

Baýlar ýaraşygy haýr-u sahawat,

Har beslän täjige düşse şalyk at,

Palan çeker süre, gadryn näbilsin.

 

Kämil bolmaz ol şerbetden datmaýan,

Hezl eýlemez söz aslyna ýetmeýen,

Däli Mejnun yşky eser etmeýen,

Perizat Leýliniň, gadryn näbilsin.

 

Meýlis girip, märekäge barmaýan,

Beglik edebilmez, berim bermeýen,

Çölde açlyk muşakgatyn görmeýen,

Öýde ýssyg nanyň gadryn näbilsin.

 

Ötenden soň, aňlar adam döwletin,

Bilmez döwlet bile geçen nobatyn,

Çekmeý kişi bimarlygyň zähmetin,

Bu gözel saglygyň gadryn näbilsin.

 

Rysmanyn berk edip, labyr salmaýan,

Girdaba ugraşar häzir bolmaýan,

Kiştisi kölekde bendil galmaýan,

Gury gara ýeriň gadryn näbilsin.

 

Aýralyk oduna ýanyp bişmeýen,

Zalymlar elinden ülke aşmaýan,

Watandan ayrylyp, garyp düşmeýen,

Ülkesinde iliň gadryn näbilsin.

 

Ýigit degil bir ykrarda durmasa,

Ulag gadryn bilmez kişi armasa,

Ördek, guba gazlar çöli görmese,

Serçemenli kölüň gadryn näbilsin.

 

Magtymguly aýdar, ýar-u hemdemge,

Geliň, dostlar, şükür edeliň bu demge,

Zatynda söz pähmin bilmez adamga,

Müň magny söýleseň, gadryn näbilsin.

 

ATY GEREK

 

At gazanar goç ýigidiň

Owwal bedew aty gerek.

Gelene garşy çykmaga

Ýagşy muhapbeti gerek.

 

Mert gerek jepa çekmäge,

At gerek dere sökmäge,

Supra ýaýyp, nan dökmäge

Köňlüniň hümmeti gerek.

 

El götergil ham hyýaldan,

Saňa yssyg ýokdur  maldan,

Ruzygär geçse halaldan,

Aryflar söhbeti gerek.

 

Ýöriseň gulluk kylmaga,

Pygamber ýolun bilmäge,

Derwüşler köňlün almaga,

Elinde döwleti gerek.

 

Magtymguly bir gedaýdyr,

Barçany saklan hudaýdyr,

Eger misgin, eger baýdyr –

Gelene hyzmaty gerek.

 

GYMMAT ÝAGŞYDYR

 

Söwdagärlik kylylp bazar gezenden,

Alsam nesihatym, gymmat ýagşydyr.

Hatam bolup, günde gyzyl berenden,

Köňülde edilen hümmet ýagşydyr.

 

Bir mert ýagşy muhannesiň ýüzünden,

Söweş güni sanjar ganym gözünden,

Her kim tapylmasa aýdan sözünden,

Dine müňkür bolan ýezit ýagşydyr.

 

Haýr işin terk edip, bet iş yzlandan,

Dost bolup, dostundan syryn gizländen,

Hudany unudyp, ýalan sözländen –

Läkin, lal oturyp, dymmak ýagşydyr.

 

Kadyr eýäm jismimizi bar eden,

Biakyldyr hak işine ar eden,

Bimahal salyngan bozuk köprüden,

Jähennem üstünde syrat ýagşydyr.

 

Bäş wagty berjaý kyl, musulman bolsaň,

Bilip ahyrýetiň, gamyny iýseň,

Janyň barlygynda haýyr gazansaň,

Rahat ýatjak ýeriň – kümmet ýagşydyr.

 

Söz magnysy çykar bir ýagşy jaýdan,

Bihabarlar aýra düşer hudaýdan,

Bäş wagty bilmegen bihabar baýdan,

Ärsiz, pirsiz loly arwat ýagşydyr.

 

Magtymguly, gördüň ýagşy-ýamany,

Ýalançynyň bolmaz anty-imany,

Bir ak öýe barsaň, almaz myhmany,

Her kimiň öz ili – ymmat ýagşydyr.

 

GIDIJI BOLMA

 

Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý:

Watany terk edip, gidiji bolma!

Özüňden egsik bir gaýry namardyň

Hyzmatynda gulluk ediji bolma!

 

Hyzmat kylsaň, bolsun bir asylzada,

Ata-babasyndan beýik begzada,

Her çent eger bolsa aj-u uftada,

Ýanyndan bir zaman gidiji bolma!

 

Akmaýyn galmazdyr bir akan aryk,

Bir tende adam ki, semizdir aryk,

Bar ýüzi burukdyr, ýok ýüzi çirik,

Çirik diýip, gaty söz aýdyjy bolma!

 

Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk,

Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk,

Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk,

Ýüwrükni çamanga satyjy bolma!

 

Bir nesihat bereý, pendimi alsaň,

İmtiýaz eýlegil, otursaň-tursaň,

İdegsiz-habarsyz bir ýere barsaň,

Kişi aşynyň duzun dadyjy bolma!

 

Çagyrlan ýere bar, oturgyl, turma,

Çagyrylmagan ýere görünme, barma,

Uýalmas kişi dek süýrenip ýörme,

Buýrulmagan işi ediji bolma.

 

Eger sen hem bolsaň nerm-u mylaýym,

Sen mylaýym bolsaň, guluň bolaýym,

Gulagyma bergen pendiň alaýym,

Kişige gaty söz aýdyjy bolma.

 

Nem düşmese gökden, ýer neý götermez,

Ýygylsa müň gaýgy, bir iş bitirmez,

Är ýigit köňlüne gaýgy getirmez,

Namart ogly deýin gaýgyçy bolma.

 

Mert oguldyr, ilge ýaýar desterhan,

Dogry söz üstünde berer şirin jan,

Ömrüni ötgerip diýmesdir ýalan,

Jäht eýläp ýalan söz aýdyjy bolma.

 

Sahty-dil kükregi hergiz boş bolmaz,

Herniçe şatlansa, köňli hoş bolmaz,

İki ýagşy bir-birewge duş bolmaz,

Ýagşyny ýamana çatyjy bolma.

 

Töwekgel ner erer, endişe – maýa,

Köňlüňni iberme her kaýsy jaýa,

Barçanyň yşanjy kadyr allaýa –

Alladan özgäge söýenji bolma.

 

Okur bolsaň, ok ur nebsiň gözüne,

Gara, çyn göz bile müshef ýüzüne,

Aldanyp girmegil şeýtan sözüne,

Allanyň emrine goýgujy bolma.

 

Eger bolsun diýseň ýeňil, agyrlar,

Çykgyl bir ýana, tä, birýan bagyrlar,

Ýoluksa gözüňe güň-u sagyrlar,

Olaryň halyga gülüji bolma.

 

Kiçiklikden ybadatga boýun goý,

Kyýamatnyň oýun kylsaň, oýun goý,

Terk edip dünýäni, zowk-u toýun goý,

Gir pena ýoluga, gaýtgujy bolma.

 

Uruglyg men diýme, taňla urug bar,

Hasab-u mana-ýu wezn, sorag bar,

Ýalançy bende, miz, sansyz durag bar,

Bilip, ýalgan sözni aýdyjy bolma.

 

Meý içseň mertebe hezar haşrda,

Otny ur Kagbaga taryky-künçde,

Kurany köýdürip, butga kyl sejde,

Merdumga azar iş ediji bolma.

 

Ger tapsaň dünýäde mülki İsgender,

Karunyň maly hem bolsa miýesser,

Ahyry bolar sen ýerge barabar,

Köňülde men-menlik ediji bolma.

 

Eger çendi bolsaň sahyby-mansap,

Sözün diňle, köňül bozgunça teňläp,

Söz tapsaň sözlegil, tapmasaň, bil hiff,

Goldan gelmez işni ediji bolma.

 

Daň atsa, mollalar çagyrar azan,

Bozulmazdyr hergiz kysmatda ýazan,

Ýigitlik bossandyr, garrylyk – hazan,

Tesbihden özge söz aýdyjy bolma.

 

Aýdarlar: “Ýyrtyk don görse, it gapar”,

“Päli ýaman bende, hudadan tapar”,

Ahyry bir güni kylar sen sapar,

Dar köňül pyglyny tutujy bolma.

 

Kitabyn açyban okyp molla diýr,

Gögeredir ýagmyr suwy birle ýer,

Alkyşy-fatyha doga bilen är,

Mazlumga sütemlik ediji bolma.

 

Yzzat etgen bile kişi baý bolmaz,

Her niçe katlansa, mülki şaý bolmaz,

Jahany talh edip, köňli jaý bolmaz,

Jennete jaýyňdan gidiji bolma.

 

Garrylyk gelgisi bir gün apaty,

Ýigitlik gitgisi bir gün kuwwaty,

Ganymat bil, gapyl, bu dem-pursaty,

Murda dek uzanyp, ýatyjy bolma.

 

İtniň balasyny tula azdyrar,

Hojasy geçirer, bende ýazdyrar,

Argumak balasy bara ozdurar,

Bende sen, hojaňa ýazgyjy bolma.

 

Döwletli ogullar ýaşda baş bolar,

Ýaşadykça, bidöwletler ýaş bolar,

Birehim zalymyň bagry daş bolar,

Barar ýerge kesek atyjy bolma.

 

Är ogul balasy bara beý bolar,

Gamçynyň astynda ýaman eý bolar,

Märeke görmegen ýigit neý bolar,

Geler-gelmez sözü aýdyjy bolma.

 

Mümüniň kinesi-keten roýmaly,

Guraýança bolar ermiş mysaly,

Köňlüňniň kineden eýlegil hali,

Küpür dek kinäni tutjy bolma.

 

Ey köňül, gelgil sen, hakny tapaly,

Nebsimiz merkebin münüp çapaly,

Aýdarlar: hak ermiş mähr-u wepaly,

Şol sözünden hergiz gaýdyjy bolma.

 

Hak ermiş bendäge ýakyndan-ýakyn,

Kim nesip eýlese muhubbet çakyn,

Jaýba-jaý getirseň bendelik hakyn,

Hojanyň buýrugyn goýujy bolma.

 

Man diýdim birniçe pendi-nesihat,

Bilseň nesihatdyr, ýogsa pesihat,

Pesihat bilmegil, bilgil nesihat,

Ýalançy sözleri aýdyjy bolma.

 

Maksat – bu sözlerni kylgyl ygtybar,

Umdetil-umra mehter ynak bar,

Aňlamaý sözleme: “Tamda gulak bar”,

İç syryň kişige aýdyjy bolma.

 

Magtymguly, köňülde köpdür armany,

Tapmady akybet derde dermany,

Ýetişer bir güni taňry permany,

Ruzy-şeb gaflatda ýatyjy bolma.

 

ÝYKMAÝAN ÄRDEN

 

Hiç köňül şatlygy çykmaz

Bir köňül ýykmaýan ärden.

Ýagşylyk tamasyn etmäň,

Ýamanlyk çykmaýan ärden.

 

Kimse ile beglik eder,

Bir jem bilen ýola gider,

Kethudalyk ýyrak gider,

Ýaman söz çekmeýen ärden.

 

Ýagşy är il aýbyn açmaz,

Göre-bile haram içmez,

Ýaradan ýazygan geçmez,

Gözýaşyn dökmeýen ärden.

 

Eglenmez, eýýam öwrüler,

Zaman öter, nyrh çöwrüler,

Agyr döwletler aýrylar,

Bir agza bakmaýan ärden.

 

Goçaklara ýasaw güni,

Gurda goýmaz şir awuny,

Pygamber bizar ýow güni,

Ýoldaşa bakmaýan ärden.

 

Öz-özünden akly ýetmez,

Akyllaryn sözün tutmaz,

Ýoksullyk ýok bolup gitmez,

On iş derk etmeýen ärden.

 

Magtymguly, ýangyl, öçgül,

Ýa lal otur, ýa dür saçgyl,

Bir guýruksyz itdir, gaçgyl

Nesihat ýokmaýan ärden!

 

BAŞY GEREKDIR

 

Sypah bolup, ata çykan, her ýerden

Akly känden kesen başy gerekdir,

Bir musulman gaçsa iki käpirden,

Kellesine saňsar daşy gerekdir.

 

Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli,

Göwresi giň gerek, özi pähimli,

Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,

Ýerinde hünäri, işi gerekdir.

 

Gaplaň kimin arlap girse meýdana,

Tilki kimin bazy berse her ýana,

Duranda, gaýa dek durup merdana,

Alar ýerden at salyşy gerekdir.

 

Ýigidin hyýaly bolsa serinde,

Çykar bir gün, çöküp galmaz garynda,

Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde,

Ony başarmaga kişi gerekdir.

 

At gerek gaçarga, kowsa ýeterge,

Ýowny gorkuzarga, tirik tutarga,

Meýdanda sanagsyz her iş biterge,

Ýigrimi, otuzly ýaşy gerekdir.

 

Bürgüt guş deý ganat kakyp dügülden,

Muhannesler geçer jandan, oguldan,

Gurt dek girip, ýowny koý dek dagyldan,

Är ýigidiň mert ýoldaşy gerekdir.

 

Magtymguly, goç ýigitler çapylyp,

Gök damardan gyrmyz ganlar sepilip,

At salanda doňuz kimin topulyp,

Aýy kimin asylyşy gerekdir.

 

GUL BOLGUL

 

Bir bidöwlet iliň begi bolynçaň,

Döwletliniň gapysynda gul bolgul!

Bedasyl beg gullugynda galynçaň,

Asyl begiň saýasynda kül bolgul!

 

Ýamany goý, ýagşylara göz ildir,

Kelhemaç hem: “Öz oglanym gözel diýr”

Gargyş gurduň zürýadyny azaldyr,

Goýun kimin çar tar tarapa il bolgul!

 

Süleýman sen, mura bir gulak goýgul,

Sözüni diňlegil, jowabyn aýgyl,

Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul,

Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul!

 

Ne işdendir – ýatyp, nebsiň besleseň,

Akmaklykdyr özüň ýagşy toslasaň,

Her bazarda rowaç bolmak isleseň,

Ýagşylaryň kisesinde pul bolgul!

 

Magtymguly, bardyr demiň hesibi,

İr-giç ýeter her bendäniň nesibi,

Kişi bolsaň, goýgul gury tewsifi,

Ýagşy, ýaman, barçalara dil bolgul!

 

DÖKER BOLDUK ÝAŞYMYZ

 

Istär – elden çyka döwlet humaýym,

Doga kylyp, döker bolduk ýaşymyz.

Dilegim duş eýle, gözel allahym,

Ersgin boldy gitdi gyzylbaşymyz.

 

Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,

Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn,

Çille mest nerlerimiz barça aýylsyn,

Bir suprada eda bolsun aşymyz.

 

Derwüşler köňli jem dursun namaza,

Ýigitler ýygylsyn söhbete-saza,

İlimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza, –

Togsan dolup, tamam bolsun gyşymyz.

 

Türkmenler baglasa bir ýere bili,

Gurudan Gulzumy, derýaýy-Nili,

Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,

Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.

 

Magtymguly diýdi jannyň dirligne

Musulmany goýma, käpir horlugna,

Rowaç bergil ýomut, gökleň birligne,

Ol Kemal han owgan bolsun başymyz!

 

MALA SERETMEZ

 

Owwal-a mal ýagşy, maldan baş ýagşy,

Baş döwletin tapan mala seretmez.

Dogmadyk oguldan dogan daş ýagşy,

Nadan ogul atasyna seretmez.

 

Atda aýak bolsa, başga syn bolmaz,

Ärde gaýrat bolsa, işi kyn bolmaz,

Söweş güni muhannesde üýn bolmaz,

Ýere garar, özge ýana seretmez.

 

Alaman öňüni serdary başlar,

Goç ýigitler naýza urar, gylyçlar,

Kimse adam ýykyp, kimse at goşlar,

Abyraý tapmasa, paýa seretmez.

 

Är dostdan geçerler adam aç galsa,

Ýar ýardan aýrylyp, ara daş galsa,

Ýaman hatyn ýagşy äre duş bolsa,

Başyny terk eder, daýa seretmez.

 

Köne dünýä mounýetniň öýüdir,

Süýthor bolankesiň dowzah jaýydyr,

Altyn-kümüş gözleriniň maýydyr,

Goç ýigitler bozuk jaýa seretmez.

 

Dünýä görki näzeninler, ne janlar,

Nadana ýolukdy türpe jenanlar,

Ärden galan, äri ölen juwanlar

Goç ýigidi gözlär, baýa seretmez.

 

Magtymguly garyp köňlün baý edip,

Kanagat ülkesin bende jaý edip,

Her kim öz ýaryny dogan Aý edip,

Aýyn gözlär, başga aýa seretmez.

 

ÝAR GEREKDIR

 

“Menem” diýen goç ýigide

Bir mynasyp ýar gerekdir.

Arap at, ýowly ýigide

Almaz zülpükar gerekdir.

 

Ýigit oldur – ýurt üstünde,

Janyn berse din üstünde,

Goç ýigitler il üstünde

Namys bilen ar gerekdir.

 

Bäş gün köňül hoş etmäge,

Supra ýaýyp, nan dökmäge,

Abraý alyp, at etmäge,

Gollarynda bar gerekdir.

 

Mekgä baran bolar hajy,

Aýralyk ölümden ajy,

Goç ýigide din gylyjy,

Aşyga didar gerekdir.

 

Artdyr pelek ah-u zaryň,

Alar elden ygtyýaryň,

Magtymguly, söwer ýaryň

Syýa zülpi tar gerekdir.

 

ILIŇNI

 

Gel, köňül, men saňa öwüt bereýin;

Yrak kylma görer gözüň – iliňni!

Gymmatyn gaçyrma, ýerinde sözle,

Uzatmagyl her näkese tiliňni!

 

Doga eýläp, haýyr sözläp ýaşagyn,

Hormatlagyl gözel iliň uşagyn,

Ýazdyrmagyl, mäkäm eýle guşagyň,

Ýeri bardyr, ajap sakla biliňni!

 

Çagyrylmaz jaýda görünme, barma,

Başarsaň, sopynyň ýüzüni görme,

Pikir-zikriň dünýä malyna berme,

Karuna ogşatma, tutgul päliňni!

 

Sözüne ber jowap, her kes sorasa,

Özüň yrak eýle, namart ýörese,

Bir misgin telmuryp, ýyglap garasa,

Baha gurma, mugt bergin malyňny!

 

Gorkma namartlaryň köp diýp sanyndan,

Gara görse, bary geçer janyndan,

Ugrun tapsaň, ötmäwergil ýanyndan,

Bahyllardan yrak eýle ýoluňny!

 

Akyl baş köpdür, akyl kesen azdyr,

Datma şerap, uzak içseň, ol azdyr,

Mert köňlünde daýym bahardyr-ýazdyr,

Mejnun umman içre salma salyňny!

 

Magtymguly, akyl başymdan uçdy,

Ykbalym ýatypdyr, döwletim göçdi,

Pir-kazylar para istäp, gol açdy,

Haram eýle, emma berme puluňny!

 

MAL ÝAGŞY

 

Adam bolup adam gadryn bilmeýen,

Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.

Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,

Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.

 

Hudaýym saklasyn şerden, gahardan,

Minnetli aş ajy bolar zäherden,

Eý, ýaranlar, bir bazarsyz şäherden,

Ondan ki bir guwlap ýatan çöl ýagşy.

 

Her kimiň özüne Müsürdir jaýy,

Ýadyndan çykmaýyr baýramy-toýy,

Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,

Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy.

 

Bir biwepa ýara gülüp bakandan,

Şirin jany yşk oduna ýakandan,

Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,

Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy.

 

Magtymguly, sözlegil sen her bapdan,

Bu dünýä tutdurmaz, çüýrükdir düýpden,

Aňyrsy gelmeýen gury, bad gepden –

Ondan ki bir şuwlap öten ýel ýagşy.

 

TÜRKMEN BINASY

 

Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,

Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy.

 

Terki-dünýä eýleýip, gelse rakyplar gaşyna,

Bil, polatdan bina bolgan, budur türkmen galasy.

 

 

Süleýman hem Rüstem, Zal, Jemşit oňa bolmuş geda,

Günde ýüz müň salsa leşger, degmez şanyň belasy.

 

Daglar ondan alar taglym, leşgeri sap-sap durar,

Her salanda zülpükaryn artar ýigitniň höwesi.

 

Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup.

Kylsa bir jaýga ýörüişni, açylar gül lälesi.

 

Külli gyzylbaş baryny atdy dag arkasyna,

Gije-saba ýatmaýyr, geler olarnyň nalasy.

 

Her ýan gadam ursa saýýat, bolmaýyr olduşgär,

Bendi kylyp alabilmez, düşmez türkmen balasy.

 

Aryflar dem-dem geler, toýy bardyr her zaman,

Merdi-merdan sözüdir ol, ýokdur köňül hilesi.

 

Aýdadyr Magtymguly, ýokdur köňülde bir gara,

Hak sylaýyp, kylymyş nazar, bardyr onuň saýasy.

 

BOLAR SEN

 

Belent daglar, beýikligiňe buýsanma,

Güdazda suw bolan zer dek bolar sen!

Teriň derýa, haýbatyň guwanma,

Wagtyň ýetse, guryp, ýer dek bolar sen!

 

Daglaryň arslany, babyr-peleňi,

Bir güni deň bolar pil, peşe jeňi,

Mejmegul-Bähreýniň, Niliň näheni,

Gulagyna urlan har dek bolar sen!

 

Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda,

Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda,

Zalymlar har bolar, galar aýakda,

Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen!

 

Ýagşy bedew münen, hup mahbup guçan,

Bile eltipmidir bakaýa göçen,

Hakykat namartdyr imansyz geçen,

İman bile barsaň, ner dek bolar sen!

 

Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň,

Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň,

Alymlara uýsaň, açylar gözüň,

Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen!

 

Lukman kibi dertler dermanyn kylsaň,

Süleýman dek döwni permana salsaň,

İsgender dek ýeriň ýüzüni alsaň,

Ýere ýegsan bolup, ýer dek bolar sen!

 

Magtymguly, garap gözle daşyňny,

Jaýyn bilip sarp et nan-u aşyňny,

Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňny,

Är yzynda ýörseň, är dek bolar sen!

 

DELALAT ÝAGŞY

 

Asla adamzada ajy söz urmaň,

Pakyra-misgine delalat ýagşy.

Bahyla ugramaň, güler ýüz bermäň,

Möhüm bitirmäge kipaýat ýagşy.

 

Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,

Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,

Bir gamly görende, şirin söz bergil,

Entäni goldara hemaýat ýagşy.

 

Ýigit oldur – söze eýlese amal,

Goldan gelmez işe etmese jedel,

Allanyň emrine kylmagyl bedel,

Bege – berim, şaha – adalat ýagşy,

 

Garyplyk bir dertdir – adam öldürmez,

Öldürmese, dirilikde güldürmez,

İt hem aryklygyn gurda bildirmez,

Elbetde, duşmana syýasat ýagşy.

 

Magtymguly, şükür, şirin til berdi,

Şejerler gögerip, semer gül berdi,

Görogly Reýhana niçik ýlabardy,

“Amandyr” diýene diýanat ýagşy.

 

OTUR-TURUŞYN GÖRÜŇ

 

Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,

Märekede otur-turuşyn görüň!

Birew bilen aşna bolaý diýseňiz,

Owwal ykrarynda duruşyn görüň!

 

Uzak ýola gidip geler bolsaňyz,

Merdanalyk gyljyn çalar bolsaňyz,

Bir bedewi saýlap alar bolsaňyz,

Synasyn, sagrasyn, gerişin görüň!

 

Bir pul düşse bir üflasyň goluna,

Göwsün açypl gezer gyşyň ýeline,

Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,

Edebin, ekramyn, oturşyn görüň!

 

Goç ýigidiň at-ýaragy şaý bolsa,

Ýetişer her ýerde haý-da haý bolsa,

Özi Hatam bolup, ýene baý bolsa,

Çar tarapdan myhman gelişin görüň!

 

Bir niçäni kyldyň maly-bisýary,

Bir niçäni kyldyň bir puluň zary,

Ýagşy-ýaman, barça adamyň bary

Nobat bile ötüp baryşyn görüň!

 

Taňry bizar erer zekatsyz baýdan,

Zynhar siz hem gaçyň ol gelen jaýdan,

Merde her iş düşse, görer hudaýdan,

Namardyň hemradan görüşin görüň!

 

Namart ýörer mydam ölümden gaçyp,

Öýüne gelende, zäherin saçyp,

Mert ýigit ölüme synasyn açyp,

Meýdanda ters söweş guruşyn görüň!

 

Zalymlar unudar zikri-allany,

Arzan alyp-gymmat satar gallany,

Süýthor naýynsaplar halal tyllany,

Haram peýdasyna berişin görüň!

 

Şeýtan melgun hergiz tagat etdirmez,

Haramdan gaýtarmaz, halal ýutdurmaz,

Namaza uýdurmaz, roza tutdurmaz,

Lagnaty şeýtanyň talaşyn görüň!

 

Goç ýigidiň işi söhbet-saz bolar,

Köňli gyş bolmaýyn, daýym ýaz bolar,

Ýagşynyň köňlünde kine az bolar,

Ýamanyň her günde uruşyn görüň!

 

Gadyrdan gardaşdan uzak, daş bolup,

Gadyrsyz ýat bile garyndaş bolup,

Magtymguly, näsazlar duş bolup,

Hojanyň, seýidiň ýörüşin görüň!

 

ÝAT BOLAR

 

Muhammet ummaty malsyz bolmasyn,

Malsyz bolsa, dogan-gardaş ýat bolar.

Gaçara agaň, iniň, bolmaz hatyraň,

Guwanar duşmanyň, dostuň mat bolar.

 

Garyp aýak ýalaň, kendir guşakdyr,

Bir märekä barsa, orny aşakdyr,

Garyplar at münüp, depse – eşekdir,

Döwletliler eşek münse, at bolar.

 

Bir dileg dileseň, möhümiň bitmez,

Dostuň ýhlas bilen, merhemet etmez,

Märekede aýdan sözüň jaý tutmaz,

Diňlemezler, gury, sözüň bad bolar.

 

Göreş bir abraý, uruş bir destdir,

Kişini kemsiden – özi näkesdir,

Bir mümüne gybat etmek hebesdir,

Gybatkeşeiň gazanany ot bolar.

 

Magtymguly, şükür eýlegil hudaga,

Ölüm barabardyr şah-u gedaga,

Bisabyr gül tiz ýolugar belaga,

Sabyrly gul dura-dura şat bolar.

 

ÇILIMKEŞ

 

Hak seni raýyňa goýmuş jahanda,

Ede bileniň et munda, çilimkeş!

Diwan gurlan güni hasap jaýynda,

Jowabyň nämedir anda, çilimkeş!

 

Kuwwatyň kemelder, güýjüň az durar,

Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar,

Süňňüňü syzdyrar, etiň gyzdyrar,

Bir nyşana budur sende, çilimkeş!

 

El götergil beýle nähak talaşdan,

Puluň köýer, içiň ýanar bu işden,

Erte garnyň doldurarlar araşdan,

Zähmi çykmaz, galar janda, çilimkeş!

 

İki dünýä ýagşylyk ýok egriýe,

Kişi bolsaň, gadam goýgul  dogruýa,

Binamaza, gybatkeşe, ogruýa

Ýoldaş bolar yowuz  günde çilimkeş!

 

Magtymguly, möwlam jandan ýakyndyr,

Çilim bir şor suwdur, ten bir zemindir,

İman bir tilkidir, göwre bir hindir,

Tilki tüssä dözmez hinde, çilimkeş!

 

NAS ATAN

 

Göýä bu dünýäge, geldiň, gelmediň,

Kül ýygar sen mydam işiň, nas atan.

Şerigat ýolundan habar almadyň,

Galar dowzah içre läşiň, nas atan.

 

Temmäki diýp her işige ýortar sen,

Çala owup, üç mysgaldan tartar sen,

Bir sümgürip, ýanbaşyňa sürter sen,

Haram bolar üst-u başyň nas atan.

 

Namaza duraňda, üstüňe akar,

Anýň üçin müň ýyl dowzahda ýakar,

“Weýl” diýgen jaýda tütüniň çykar,

kabul bolmaz gözde ýaşyň, nas atan.

 

Ýagşy-ýaman eden işin “hak eder”,

Nas atanlar galampurun çak eder,

Akar durar, üsti-başyň poh eder,

Senden gaçar deni-duşuň, nas atan.

 

Gözüňi ýaşardyp, mähriň gandyrar,

Gelse humar, imanyňy ýandyrar,

Tagam iýseň, tabagyňy doldurar,

Murdar bolar içen aşyň, nas atan.

 

Her adamy görseň, gizläp gaçar sen,

Burnuňdam dem gelmez, agzyň açar sen,

Keýpi gelse, ogul-gyzdan geçer sen,

Haýran bolar oba-goňşyň, nas atan.

 

Kyrkyňa baraňda, beýniňe çykar,

Bu şirin janyňy dowzahda ýakar,

Çakjaňy ot eýläp, burnuňa dakar,

Zehmiňden döküler dişiň, nas atan.

 

Magtymguly, ölenden soň bilerler,

Jynaza okamaý, burnuň dilerler,

Sakar diýgen jaýa seni salarlar,

Nara döner içiň-daşyň, nas atan.

 

ÇILIM

 

Dostlarym, duşman biliň, älemde bir bardyr çilim,

Eýle mahbup eýlemäň, bir gareti-jandyr çilim,

Suzlaban haly demi bir afgyýy-myrdar çilim,

Tartar uzyn kaýdyga, göýä ki zengardyr çilim,

Kaýda bolsa dowzahylar, bezmide bardyr çilim.

 

Tüşgeç ol mejlis era, her kim çeker, bimar eder,

Al bilen aldap seni her dem özige zar eder,

Sag-salamat goýmaýyn imdi özige ar eder,

Gol-aýagyn şel kylyp, halk içre any har eder,

Bu sypatlar birle ol, çekäň ki, betkärdir çilim.

 

Kah-kah eýläp her zaman ol, görseter bet hüýüni,

Burnuňyzga ysgaýyp, almaň oşol bet buýuny,

Eý, musulmanlar, halal diýp, kylmaňyz hiç oýuny,

Ahyrýetniň oýun etseň, tiz goýuň bu oýuny,

Ahyrýetniň oýun etmeselerge derkardyr çilim.

 

Her kişi hoş hal olupdyr jim-u lam, mim atyga,

Nige pikr etmes oşol kim bu pelitniňzatyga,

Mündürer göýä any her dem şeýatin atyga,

Syhr edip her dem any, tartar özüniň katyga,

Çünki betkärdir gözige daýyma bardyr çilim,

 

Gul-gul eýläp her säher ol, agzydan otlar saçar,

Her kişi akyl durar kim, beýle bet buýdan gaçar,

Kim any elge alar, göwsün anyň sary açar,

Ygtykat etse halal diýp, dini-yslamdan geçer,

Dini-yslamdan geçerge bir sebäpkärdir çilim.

 

Şeýle duşmandyr ki, taňla syryňyz paş eýleýip,

Wagty ýetmez solduryp, bu jismiňiz läş eýleýip,

Gaýgy-hasrat ýok ekende çeşmiňiz ýaş eýleýip,

Her zaman düýt ýuwduryp, hem öýkenňiz daş eýleýip,

Bary gapyl olmaňyzlar şeýle betkärdir çilim.

 

Eý, ýaranlar, nähý kylmyşdyr any bizge aht,

Pikir edip, zikr eýledi kim, halk era abdyssamat,

Tebdil etmek, nähý kylmak işini bizge ne het,

Kim ki müňkür bolsa, anyň aldyda bardyr lahat,

Aýdadyr Magtymguly, bu bendäge nardyr çilim.

 

ÇILIM  ÇEKMEGIL

 

Janyňa kast etme, düýdkeşim, özüň,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Pendim bu, roza tut, oky namazyň,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Çilimden ýylanlar düşer boýnuňa,

Agzyn açyp, haşlap girer goýnuňa,

Her zaman zäherni salar iniňe,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Tenleriň tisginip, andan gaçar sen,

Suwsuzlykdan zäher-zakgum içer sen,

İçim ýandy diýip, agzyň açar sen,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Ýylan aýdar: “Bu gün gaçar sen menden,

Ol hakyň emridir, aýrylman senden”,

Oşal wagtda bizar bolar sen andan,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Ýalançy dünýäde isteme wepa,

Ot iýmek bolarmyş bizowk-u sapa,

Düýdkeşler ummat däl diýdi Mustapa,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Bu dünýä panydyr, durmaýyn geçer,

Her kimse akyldyr, bil, andan gaçar,

Şeýtana ýol berme, imanyň öçer,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Amanat janyňa kylmagyl töhmet,

Sarpasy nedir, gel, sen imdi pähm et,

Magşar gün nä diýr sen, jowabyňny aýt,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

İblise berme, ýuwtmagyl nary,

Gül diýip özüňe salmagyl hary,

Bigaýratlyk etme, saklagyl ary,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Terk eýle çilimi, dogry dur haka,

Her zaman toba diýp, tutgul sen ýaka,

Diýrlermiş, suw bermez düýdkeşe sakka,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

İçdigiň zakkumdyr, iýdigiň otdur,

Bilmez sen, şeýtanlar kesbiňe şatdyr,

Bu gün hoşnud bolsaň, taňla heýhatdyr,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Bir sapar hatadan çekipdir Aly,

Seýl üçin sähraga çykypdyr weli,

Bir mesjidi görüp zerli-sapaly,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Mesjidi görüpdir ajaýyp zada,

Tomaşa eýleýip, girmiş pyýada,

Sütüni syýamyş, örtenmiş oda,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Oşol demde gaýdyp gelmiş resula,

Habaryn söýlemiş sahyp usula:

“Sütüni syýamyş nädir wusula?”

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Resul aýdy: “Aly eşitdim sözüň,

Sypatyň, suratyň görüpdir gözüň,

Düýdkeşlik zyýandyr, eşitgil özüň,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Görüp sen mesjidi, turpa ýaranmyş,

Şeýtap saňa bu gün keýpi berenmiş,

Anyň üçin sütün oda bürenmiş,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Adamyň sütüni – bilgil, – imany,

Bu şeýtan mekriden saklagyl any,

Gapyl bolsaň ýakar, etme gümany,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil”!

 

Şol pursatda Haýdar çykdy meýdana,

Gahr ile kast etdi lagyn-şeytana,

Şondan bäri şeýtan boldy pynhana,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Andan owwal şeýtan äşgär gezermiş,

Adam aldap, dinin beýle bozarmyş,

“Bissimilla!” diýseň, umyt üzermiş,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

Magtymguly, pendiň illere söýle,

Öz halyň niçikdir bir pikir eýle,

Sapar kylmak lazym, azygyň eýle,

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

 

 

 

GYBATKEŞ

 

Ruzy-magşar şikat eder tiliňden,

Ryswalygyň budur seniň, gybatkeş!

Ömrüň ele berme, azma ýoluňdan,

Agyrtmagyl iliň-günüň, gybatkeş!

 

Bulut dek küküräp, bark kimin gürlär,

Gähi buzdan tagtlar, ataşdan ýerler,

Gatyr dek içýanlar, bugra dek marlar,

Bedeniňden sorar ganyň, gybatkeş!

 

Halyň gören haýran bolup aglarlar,

Özüň Syjjyn atly jaýda baglarlar,

Tiliň çekip, demir bile daglarlar,

Gara bolar şol gün Günüň, gybatkeş!

 

Ýaman söz aýradyr ýagşy dostuňdan,

Günähiň agramy basar üstüňden,

Jähennem içinde tamug astyndan,

Peleklere çykar üýnüň, gybatkeş!

 

Malekler göterip, gürzler urarlar,

Endamyňdan suw dek akar zäherler,

Haşlaşyp durarlar ýanyňda marlar,

Endamyňdan sorar ganyň, gybatkeş!

 

Bir dem gutulmaz sen, tamug naryndan,

Teniňe ýaýylan ýylan zährinden,

Şol azabyň hasratyndan, zaryndan,

Peleklere çykar üýnüň, gybatkeş!

 

Orun biýrler saňa eltip bir jaýda,

Günüň geçer gije-gündiz hay-waýda,

Azabyň artdyrar seniň her aýda,

Çilimkeş hemradyr-ýanyň gybatkeş!

 

Ruýsyýa sen magşar güni kerime,

Taňry sowabyňdan alar jerime,

İmansyz ten idip elter jehime,

Gile eder senden janyň, gybatkeş!

 

Magtymguly diýer iliň gözünden

Düşübän, hor bolsaň, görgül özüňden,

Tiliňni çekmeseň haram sözüňden,

Belli, bibat bolar diňiň, gybatkeş!

 

SÖHBET ÝAGŞYDYR

 

Adam bolsaň, gulak goýgul öwüde,

Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr!

Atarman-çaparman algyr ýigide,

Ýeri gelse aman-nurbat ýagşydyr!

 

Hemra bolup oturmagyl pis bile,

Poha degseň, beýniň dolar ys bile,

Göwher daşyn ýüzük etseň mis bile,

Gymmaty egsilmez, hormat ýagşydyr!

 

Zynhar, kast etmegil iýdigiň nana,

Köňlüň haýra bagla, sydkyň – imana,

Hiç azar bermegil bir musulmana,

Ogry ärden, bir dogr it ýagşydyr!

 

Käşki adam bu dünýäge gelmese,

Gelenden soň ömür sürse – ölmese,

Goldan gelen ýagşy işiň bolmasa,

Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr!

 

Magtymguly, niçik geçse ruzugär,

Haka şükür et, barma, namarda, zynhar,

Ýok döwletden ýegdir, bolsa bir hünär,

Müň hünärden zerre döwlet ýagşydyr!

 

ABAT GALSYN

 

Säher tur, hudaýa ýalbar,

Yslam öýüň abat galsyn!

Ýamany goý, ýagşa ýol ber,

Şeýtan işi bibat galsyn!

 

Ýagşy söze gulak salgyl,

Säher wagty bidar bolgul,

Ýagşylardan alkyş algyl,

Ömrüň artyp, zyýat galsyn!

 

Adamzat gözden sypynça,

Ýatdan çykar gan kepinçä,

Müňde bir rabat ýapynça,

Hakdan dile, öwlat galsyn!

 

Pis hatyn başa mähnetdir,

Dünýäniň maly nobatdyr,

Ýigide ogul döwletdir,

Mal galynça, zürýat galsyn!

 

Ýigit hoşy – at-ýaragdyr,

Her işe jüret gerekdir,

Pis oguldan ýagşyrakdyr –

Pyragy, ýagşy at galsyn!

 

JANYNA DEGMEZ

 

Eý, ýaranlar, bir bigaýrat ýigidiň,

Müň ýaman söz aýtsaň, janyna degmez;

Zynhar, düşmäň namartlaryň goluna,

Ger, öldürseň, nähak ganyna degmez.

 

Söz bilmeseň, bileniňi aýtmasaň,

Söz sözledip, söz aslyna ýetmeseň,

Ýaý çekeňde, dogry garap atmasaň,

Ol okuň nyşanyň ýanyna degmez.

 

Magtymguly, sözüň bilene sözdür,

Bilmegen adama gury owazdyr,

Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,

Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

 

SAZYNA DEGMEZ

 

Bezimniň lezzetin bilmeýen adam,

Hünärli ýigidiň sazyna degmez.

Betsyýakly, bethüý bolan pis adam

Perizadyň eden näzine degmez.

 

Bimagnynyň sözi janyňdan öter,

Gybat edip, özi günäge batar,

Ýamanyň zyýany iline ýeter,

Nadanyň peýdasy özüne degmez.

 

Adam bardyr, any şalar çagyrdyr,

Adam bar, zulm edip, garyp agyrdar,

Adam bar, per düşek ýanyn agyrdar,

Adam bardyr, ak kiz dyzyna degmez.

 

 

Muhannesin bolmaz namysy-aňy,

Bir söweş gününde eýlemez jeňi,

Aga-begler, muhannesiň on müňi

Mert ähliniň alty ýüzüne degmez.

 

Magtymguly, döwran soňudyr adem,

Lahat atly öýe goýar sen gadam,

Magny söz aňlamaz biakyl adam

Danalaryň aýdan sözüne degmez.

 

ÄR ÝANYNDA BELLIDIR

 

Ýagşylygy pis bilmez, –

Är ýanynda bellidir;

Görer gözüň gymmaty

Kör ýanynda bellidir.

 

Däli köňül daýanjy,

Ýokdur dünýä ynanjy,

Sag gulagyň guwanjy

Ker ýanynda bellidir.

 

Eger pir sen, eger ýaş,

Kylma syryň halka paş,

Syr saklagan mähek daş

Zer ýanynda bellidir.

 

Bu dünýäniň myrady, –

At, zagyfdyr, zürýady,

Arwananyň kuwwaty

Ner ýanynda bellidir.

 

Bolsa gamdan halasym,

Ýaza dönse gyş paslym,

Magtymguly, yhlasym

Ýar ýanynda bellidir.

 

GÖRÜM GÖRÜLMEGEN ÝERDE

 

Yzzat, hormat, syn etmegin,

Görüm görülmegen ýerde;

Akyl bolsaň, söz aýtmagyn

Nobat berilmegen ýerde!

 

Akly ýagşylar unutmaz,

Gury agaja ýaprak bitmez,

Akylly är mesgen tutmaz

Hulky söýülmegen ýerde.

 

Batyl galan aryk akmaz,

Her naşydan kerem çykmaz,

İt gözlemez, pişik bakmaz

Supra ýaýylmagan ýerde.

 

Haj eýleseň, jara döner,

Gül açylsa, ha:ra döner,

Hyzmat etmek ha:ra döner,

Gadryň bilinmegen ýerde.

 

Namart goş üstünde harlar,

Orta-aş üstünde gürlär,

Söweş gurup, gylyç parlar

Duşman görülmegen ýerde.

 

Öý içinde hyra döner,

Muhannes bir nere döner,

Tilki, şagal şire döner

Söweş gurulmagan ýerde.

 

Parasat kyl, bakyp akla,

Goç ýigidiň sözün hakla,

Magtymguly, diliň sakla,

Habar soralmagan ýerde!

 

DUZ HEM BOLMASA

 

Togsan dürli tagam bolsa gaşyňda,

Ne lezzet içinde duz hem bolmaza.

Ne biler sen ne iş bardyr başyňda,

Müşgil işdir başda göz hem bolmasa.

 

Aýak bar ýörmäge, el bar almaga,

Kany bende, saglyk şükrün kylmaga,

Gulak bardyr eşitgenin bilmäge,

Kim düzeder tilde söz hem bolmasa.

 

Ýok ýerden jan berip, ýetirdi nany,

Köňül bostanyňda biter imany,

Adyň bende bolsa, eýäňi tany,

Gelip, saňa ýüzbe-ýüz hem bolmasa.

 

Kysmatyn hak bilen ryzkyn azlamaz,

Söz bilenler bilen sözün gizlemez,

Köňül joşa gelmez, til hem sözlemez,

Her ýürekde yşkdan köz hem bolmasa.

 

Ýyldan-ýyla pisat artar eýýama,

Hakyň özi getirmese enjama,

Dünýä sözü meňzär duzsuz tagama,

Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa.

 

Ýum gözüňni, gysyp gezgin dişiňni,

Ýaza ýetseň, unutmagyn gyşyňny,

Töwekgel et, taňra tabşyr işiňni,

Sabyr bilen biter tiz hem bolmasa!

 

Magtymguly, hyýal düşüp özüme,

Köp tomaşa geler, geçer gözüme,

Eşidenler, aýp eýlemän sözüme,

İller kimin sözüm uz hem bolmasa!

 

DURASYŇ GELER

 

Gözel bardyr, gözellerden zyýada,

Anyň hyzmatynda durasyň geler;

Edepli, erkanly, mylaýymzada,

Tä ölinçäň bile ýöresiň geler.

 

Gözel bardyr, uzyn boýly, alkymy –

Garaňky gijede düşer ýalkymy,

Sözlegen sözleri misli bal kimi,

Ýaňagyndan posa alasyň geler.

 

Gözel bardyr, günde-günde görmeli,

Şol gözeliň syýa zülpün örmeli,

Döküp, hazynanyň zerin bermeli,

Anyň söwdasynda bolasyň geler.

 

Bagzy gözel sirkä basdyr saçyny,

Artmaz, ýuwmaz, tabagyny, daşyny,

Sylamaz atasyn, ene, ýaşyny,

Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler.

 

Gözel bardyr, ak kagyz dek bilegi,

Jan içinde bile bolar ýüregi,

Şeýle gözel mert ýigidiň geregi,

Ne hajat istese, beresiň geler.

 

Magtymguly, syn gerekdir gözele,

Her ne kysmat bolsa, tartar ezele,

Dünýä malyn harç et ýagşy gözele,

Ýamanyň ýanyndan gaçasyň geler.

 

NAMYS-ARY GEREKDIR

 

“Menem” diýen goç ýigidiň, doganlar,

Owwal başda söwer ýary gerekdir.

Ondan soňra ogul-gyza howandar,

Ser jydasy, zülpükary gerekdir.

 

Gürbeden şir olmaz, göhert ner olmaz,

Her daş göwher olmaz, misden zer olmaz,

“Är men” diýen her biweçden är olmaz,

Gaýraty, namysy, ary gerekdir.

 

Destur bolar ýol öwrenmek ustatdan,

Är myrady jedel bilen gaýratdan,

Ýigit bardyr-parhy azdyr arwatdan,

Bilal bolsa, bagüftary gerekdir.

 

BEGLER

 

Mert bilen namardyň oýny deň gelmez,

Namartlar söwşde zenandy, begler!

Namart goç ýigidiň habaryn bilmez,

Namardyň her işi weýrandyr begler!

 

Kämil goç ýigitler hakyňy iýmez,

Düňýä malyn berseň, namartlar doýmaz,

Namart maslahaty-geňeşi söýmez,

Namardyň her işi aýandyr, begler!

 

Bir atada alty ataň söýi bar,

Bir nadanyň ýüz hyýallyk oýy bar,

Goç ýigitler kanda barsa, öýi bar,

Namardyň öz öýi zyndandyr, begler!

 

Döwlet başa gelse, dost-ýaryn görmez,

Kaza gelse, bagry ýerden götermez,

Hakdan diýip, hergiz iman getirmez,

Magtymguly, şeýle zamandyr, begler!

 

PAŞ EDER SENI

 

İçki syryň aýtma her bir namarda,

Syryň ile ýaýyp, paş eder seni!

Ogry-kezzap bilen obadaş bolma,

Malyňdan aýyryp, aç eder seni!

 

Sam-sam adam bilen oturma, turma,

Zynhar, namart bilen sen söhbet gurma,

Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme,

Barsaň, depesine täç eder seni!

 

Bir goç ýigit näzenine ýar bolsa,

Jemalyny bir görmäge zar bolsa,

Aralykda bir şum rakyp bar bolsa,

Ýagşy dostuň bilen öç eder seni!

 

Sopular ýaňylyp aýtmaz senany,

Säher tursaň, geçgeý barça günäni,

Aýtmawer gybat söz, etme zynany,

Dowzahyň oduna duş eder seni!

 

Magtymguly, ile ýaýdyň nesihat,

Zynhar, ýaman bilen bolmagyn ülpet,

Huda berse sagadatly  bir perzent,

Garrygan çagyňda ýaş eder seni!

 

HABAR BER – ŞEÝLEDIR

 

Magtymguly:

O nämedir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän?

O nämedir, aýagy ýok, towusýan?

O nämedir, ýedi derýa böwüsýän?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

Durdy şahyr:

Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän,

Ol ýylandyr, aýagy ýok towusýan,

Ol balykdyr, ýedi derýa böwüsýän,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

- O nämedir, ýakasy bar, ýany ýok?

O nämedir, ganaty bar, gany ýok?

O nämedir, adam ýuwdar jany ýok?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

-Ol kependir ýakasy bar, ýany ýok,

Kebelekdir, ganaty bar, gany ýok,

Gara ýerdir, adam ýuwdar, jany ýok,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

-O nämedir, derwezesiz galadyr?

O nämedir, penjiresiz binadyr?

O nämedir, bir-birinden aladyr?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

-Ol köňüldir, derwezesiz galadyr,

Ol gabyrdyr, penjiresiz binadyr,

Ol Aý-Gündür, bir-birinden aladyr,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

-O nämedir, iýmediler, doýdular?

O nämedir, kyýamata goýdular?

Ol kim idi, dabanyndan soýdular?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

-Ol didardyr, iýmediler, doýdular,

Ol namazdyr, kyýamata goýdular,

Nesimini dabanyndan soýdular,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

-O nämedir, ýedi ülkäni gezer?

O nämedir, bilini bir zat ezýän?

O nämedir, adam mysaly syzýan?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

- Ol çopandyr, ýedi ülkäni gezýän,

Ol goýundyr, taýak bilini ezýän,

Bedew atlar adam mysaly syzýan,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

- O nämedir, toprak üste sürünmez?

O nämedir, adamlara görünmez?

O nämedir, hiç bir dona bürenmez?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

- Erenlerdir, zelil bolup sürünmez,

Ol beladyr, gelse, göze görünmez,

Ýalan gürrüň hiç bir dona bürenmez,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

NAHANA GELDIŇ

 

Bu nakyldyr, adamzat, sen bu mekana geldiň,

Owwal ataň bilinden syzyp nahana geldiň,

Atadan enä baryp, bir katra gana geldiň,

Enede surat bolup, bu şirin jana geldiň,

Dokuz aýy ötürip, inip jahana geldiň,

Emip enän süýdüni, gundalyp, dona geldiň.

 

Ýaradan gudratyndan diş bile dahan berdi,

Sözlemäge söz bile dahanda zyban berdi.

Köňlüň gidip her ýana, turdy, aýagyň ýördi,

Bildiň ýakyn-ýadyňny, gözüň dünýäni gördi,

Ýedi-sekiz ýaşyňda ataň mollaga berdi,

Okyp kuran-kitaby, ulalyp, ona geldiň.

 

On bäş ýaşa baraňda, oglanlykdan saýlandyň,

Gyz-geline meýl edip, köňül berip küýlendiň,

Göýä baryp ak öýüň dört daşyna aýlandyň,

Hakyň permany bile ahyr bir gün öýlendiň,

Ýigrimi ýaşa bardyň, esbabyňny şaýlandyň,

Bedew münüp, segredip, sürüp meýdana geldiň.

 

Otuz ýaşa barynja, göýä bir algyr şir sen,

Dünýä gamy başyňda, göýä ýüwrüp ýelir sen,

Dünýäge doýmak ýokdur, bolgynça bolsun diýr sen,

Ähli musulman bolsaň, ölginçä halal iýr sen,

Kyrkyňda toba eýläp, bir mürşide gol biýr sen,

Köňlüňni bire baglap, azyz subhana geldiň.

 

Elli ýşa baraňda, dogrulykda bolar sen,

Kudeklikden aýryldyň, şiweligi biler sen,

Her niçe jepa çekseň, ahyr bir gün öler sen,

Bäş wagtyňy okyban, haka şükür kylar sen,

Altmyş ýaşa baranda, garryganyň biler sen,

Eken ekiniň bişip, orak ormana geldiň.

 

Ýetmiş ýaşa geleňde, ganyň gaçar ýüzüňden,

Ak dişleriň döküler, şugla gider gözüňden,

Kuwwat senden aýrylar, güýjüň gaçar dyzyňdan,

Hiç kişi heder etmez seniň aýdan sözüňden,

Segsen ýaşa baraňda, köňlüň geçer özüňden,

Gider bolsaň dünýäden, ýakasyz dona geldiň.

 

Magtymguly, mähnetdir her kim togsandan ötse,

Kem-kem geler jahana eger ýüz ýaşa ýetse,

Hiç kimden haraý bolmaz ajal ýakaňy tutsa,

İmanyňy gazansaň, ýoluňny rowan etse,

Ahyr boljagyň şuldur – teniň ýer bile ýatsa,

İşigi, tüýnügi ýok, garaňky hana geldiň.

 

DAŇ ATMAZDAN BURUN

 

Adam ogly, ýatma gapyl,

Tur-ha daň atmazdan burun!

Ýigitlikde tagat kylgyl,

Garrylyk ýetmezden burun!

 

Garrylyk tagat kyldyrmaz,

İşiň ebesdib, bildirmez.

Pelk agladar, güldürmez,

Sür döwran ötmezden burun!

 

Bendäge eýleme kasdy,

Agyrtmagyl ýary-dosty,

Bir gün gelip, ajal desti

Ýakaňdan tutmazdan burun!

 

Gardaşlaryň ýyglapl galar,

Ýeň, ýakasyz dona salar,

Bir gün amanadyň alar,

Sen toba etmezden burun!

 

Bu dünýäge gelen geçer,

Halaýyk ol meýdan içer,

Bir aždarha agzyn açar,

Wehm eýle ýutmazdan burun!

 

Meşgul sen dünýä oýnuna,

Girer sen ýeriň goýnuna,

Ajal bendäniň boýnuna,

Gaýdawer münmezden burun!

 

Ajal barçany edalar,

Galmazlar şah-u gedalar.

Haramdan gaç, kethudalar,

Rusyýa bolmasdan burun!

 

Sakla gybatdan tiliňni,

Baglatma iki goluňny,

Açylan täze gülüňni

Alla soldurmasdan burun!

 

Bendäge etme hyýanat,

Barça gul taňryga raýat.

Bu sözde bar hadys, aýat,

Pähim eýle ölmesden burun!

 

Tur säher, taňryga ýygla,

“Hak” diýp ýüregiň dagla,

Toba gorun mäkäm bagla,

Kyrkyňa gelmesden burun!

 

Magtymguly, dogry söýle,

Ömrüň gelip, geçer beýle,

Zynhar, ýaşulyňy syla,

Baş göre girmesden burun!

 

BU DÜNÝÄ

 

Magrypdan maşryga dünýäniň ýüzi,

Diýmäň, bize mälim däldir bu dünýä.

Abady, haraby, derýasy, düzi

Ýüz kyrk alty müň agaç ýoldur bu dünýä.

 

Bu jahan ýüzünde işler peýdadyr,

Teferrüçdir, tomaşadyr, gowgadyr,

Kyrk alty müň agaç suwdur, derýadyr,

Ýetmiş iki tüýsli dildir bu dünýä.

 

Bir elli müň agaç ýollar anda bar,

Döw-peri mesgeni, gullar anda bar,

Daşlar, daglar, aç arslanlar anda bar,

Ol ýerde adamdan çöldür bu dünýä.

 

On iki müň agaç jaýy-Hindistan,

Alty müň agaç ýol arzy-Rumystan,

Tört müň Saklap, Senjap, tört müň Zeňistan,

Göýä geçip bargan sildir bu düňýä.

 

Tört müň farsah Ýemen, bir müň-de Bulgar,

Zemini-Ýunan hem bolar ýek hezar,

Müň agaç ýol dagdyr döwi-merdumhor,

Anda agyp bargan saldyr bu dünýä.

 

Müň agaç kelim güwş, ýek  dest-u ýek pa,

Bäş müň agaç Ýajuj, müň agaç sähra,

Ýedi müň agaç ýer jezire, derýa,

Müň agaç ýer ýatan maldyr bu dünýä.

 

İki müň üç ýüz agaç ähli-yslamdyr,

Yrak, Azerbaýjan, Müsürdir, Şamdyr,

Horasan, Fars, Bezirkuhda tamamdyr,

Ýok bolynça, galmagaldyr bu dünýä.

 

Magtymguly, adyň döndi Praga,

Paryg bolup, çek özüňni gyraga,

Hasap etdim dünýä başdan-aýaga,

Üç ýüz altmyş ýyllyk ýoldur bü dünýä.

 

ÝAT ÝAGŞY

 

Hoş günüňde hoştaplaşyp gezmäge,

Baryşmaga, gelişmäge ýat ýagşy

Gamly günüň, galmagalyň üstünde

Gardaş ýagşy, dogan ýagşy, zad ýagşy,

 

Halal işle, ahyr ýetden wehmiň bar,

Pakyry ynjytma, köňül rehmiň bar,

Aşyk aýdar, azda-köpde pähmiň bar,

Akyl bolsaň, söze gulak tut ýagşy.

 

Ýürek daýanjydyr ýürek zürýaty,

Şirin mahbup erer süňňüň kuwwaty,

Ýigidiň dünýäde üçdür myrady:

Mahbup ýagşy, ýarag ýagşy, at ýagşy.

 

Mollalar ahyrýet sözün sözlärler,

Müňkür olma, gerçek işdir, eýlärler,

Kim biler ki, ahyrýetde neýlärler,

İýip, içip, münüp, guçup öt ýagşy.

 

Taňry giň eýlese bende köňlüni,

Ryzk arzyna girer tutsaň elini,

Döwlet güzer etse, tapar ýoluny, –

Geler bolsa, gider bolsa, ýat ýagşy.

 

Nep almaýan kişi nepden, öwütden,

Enaýlygy bolmaz gury söwütden,

Deň-duş bilmez, many aňmaz ýigitden,

Agylynda yssy beren it ýagşy.

 

Magtymguly, dostdan syryň gizleme,

Biwepadyr nämähremi gözleme,

Ümsüm otur, halk içinde sözleme,

Sözlär bolsaň, söz aslyan ýet ýagşy!

 

ÖLMESDEN BURUN

 

Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun,

Hastalyk şükrüni kylgyl, täki ölmesden burun,

Düz ýeriň gadryny bilgil, derýa dolmasdan burun,

Gämide hüşgär oturgyl, girdaba gelmesden burun,

Ýaşlygyň gadryny bilgil, tä ulalmasdan burun.

 

Ulaldyň – köňlüňdedir ýalgan jahanyň söýgüsi,

Gözleriň gözel görüp, sepi günähe goýgusy.

Tilleriň gybat kesip, lap-ýalan sözler aýgysy,

Hatyryň ýüz-müň perişan, ketgudalyk gaýgysy,

Ne ajap hoş hal idiň, özüňni bilmesden burun.

 

Ýaradan ýadyňdadyr, başyň yowuz halda eken,

Ötse ýüz ýyl, ýada düşmez, belli hoş halda eken,

Ömrüňni bihuda tutma, pursatyň elde eken,

Degse bir bady-hazan soldyr seni gülde eken,

Gülni ýadyňdan çykarmaü, täki solmasdan burun.

 

Akly-huşuňga ýetişdiň, eýlediň seýrany sen,

İstär idiň jemg edem, bu külli Eýrany sen,

İýmediň bir dem parahat taňry bergen nany sen,

Heý, habaryň barmydyr, bu jahanyň myhmany sen,

Azygyň taýýary kyl kerwen çekilmesden burun.

 

Galmamyş bu köne dünýä Rüstem ile Zalyňa,

Garra bolma iki günlük iýgu-içgu, malyňa,

Hakykat aryfny gör, atlasny berdi şalyňa,

Tur säher, Magtymguly, ýygla bu gün öz halyňa,

Tanla ol magşar güni derläp uýalmasdan burun!

 

EKIP GEÇDI

 

Owwal Adam indi dünýä,

Bu dünýäni ekip geçdi.

Her pygamber bir kesp açdy,

Kesbin mydam edip geçdi.

 

Bela geldi lenber-lenber,

Doga kyldy anbar-anbar,

Öz döwründe Nuh pygamber

Nejjar işin turup geçdi.

 

Ezraýyla janyn beren,

Anyň bilen söhbet guran,

Jennet içre diri giren

İdris köýnek tikip geçdi.

 

Tä İsa gelinçä daýym,

Esaby-kehf yatar gaýym,

Hakyn ýolunda Ybraýym

Janyn oda ýakyp geçdi.

 

Zaty egri gönenmedi,

Asla dogrular dönmedi,

Gurt Eýýubyn tenin iýdi,

İblis şonça nikb geçdi.

 

Süleýmanyň aly jahy,

Tört ýüz gurular bargähi,

Ynsyň, jynsyň patyşahy,

Ol hem zenbil dokyp geçdi.

 

Tur dagy diýr, düşer ýola,

Raz aýdyşar huda bile,

Asasyn göterip gola,

Musa goýun bakyp geçdi.

 

Kabys dagynyň burnunda,

Oglun tapmady ornunda,

Ýunus balygyň garnynda

“Ente subhan” okyp geçdi.

 

Kengan içinde kyrk ýyllap,

Gije-gündiz doga eýläp,

Ýusubyň käkilin zarlap,

Ýol üstünde Ýakup geçdi.

 

Hurma döräp höşk agaçdan,

El bilen Aý böldi arşdan,

Resululla ol kuraýşdan

Ne jepalar çekip geçdi.

 

Aldylar jennet eýwanyn,

Hak ýoldaş etdi imanyn,

Birniçe ymamlar ganyn

Kerbelada döküp geçdi.

 

Sözüm ýokar hak dostuna,

Kär etmez dünýä mestine,

Duşman jepasy dostuna,

Öýsüz ýerde bukup geçdi,

 

Magtymguly, her kim hasdyr,

İşi dergaha yhlasdyr,

Bize olardan mirasdyr

Her dostuna degip geçdi.

 

ÝAR ÇEKER

 

Taňry söýen Muhammediň ummaty:

“Bismilla!” diýp, owwal hakny ýar çeker.

Biimanlar hergiz görmez jenneti.

Dowzah içre köp azaplar bar, çeker.

 

Gam çekip, ahýrýet öýün gazanlar,

Hakykaty, şerigaty düzenler,

Jepa çekip, hak ýolunda gezenler

Säher turup, tagatlaryn ir çeker.

 

Adam ogly kyýamat gün bolanda,

Mümüniň günähi galmaz teninde,

Pul-syrat üstünde, heýhat gününde,

Sopularny keramatly pir çeker.

 

Ter açylan täze güller solanda,

Ezraýyl adamýň janyn alanda,

Kyýamat ahyry – magşar bolanda,

Süýthorlary, gybatkeşi nar çeker.

 

Saparkeşler ýyrak ýoldan gaýdanda,

Agyr ýükli şütürleri haýdanda,

Lagar çöküp, ýükü galsa meýdanda,

Myzlamasyn hatardaky ner çeker.

 

Meýdan içre baryp, söweş gurulsa,

Towusdyryp, arap atlar sürülse,

Bir goç yigit galyp, boýny burulsa,

Anyň aryn at ýürekli şir çeker.

 

Kimler gezer biribara ýalbaryp,

Kimler gezer hakykatda ýol ýörip,

Bir biçäre görse – duran telmuryp,

Amyň işin gaýet gerçek är çeker.

 

Magtymguly, işiň düşse mert bile,

Namart batyr olmaz jedel-şert bile,

Duş gelende hemra bolsaň gurt bile,

Her çend bolsa, at üstünde ar çeker.

 

DERT BILEN

 

Gel, köňül, başyňňy çykar dumandan,

Ýeke galdyň gam öýünde dert bilen.

Namart bilen uzak ýola gitmegil,

Baş goşawer bir töwekgel mert bilen.

 

Çyn ärler iblisiň ýoluna gitmez,

Mynafyklar hakyň emrini bitmez,

İman bilen şeýtan bir öýde ýatmaz,

Niçik mydar tapar goýun gurt bilen.

 

Jan şährinde ajal guşlary ýaýlar,

Köňlümiň derýasy möwç urup gaýnar,

Gäwdar ogly doňuz bilen it oýnar,

Beg balasy sadranç oýnar nard bilen.

 

Çyn aşyklar bolmaz tilde käýini,

Muny bilgil, ykrar saklar imany,

Ýakyn gelse ahyrzaman eýýamy,

Dawa artar, ant içerler şert bilen.

 

Pyragy diýr, ýedi yklym, çöl galar,

Ne han galar, ne beg galar, gul galar,

Ne dag galar, ne düz galar, il galar,

Deçjal çykar, tersa jöhit, kürt bilen.

 

DIÝDI: “HABAR ÝOK SIZDEN”

 

Diýdim: “Pelek, sowal bar”. Diýdi: “Adalat bizden”.

Diýdim: “Dünýä giň olar”. Diýdi: “Habar ýok sizden”.

Diýdim: “Ol ne don erer?”. Diýdi: “Köpendiz bizden”.

Diýdim: “Tende ýaram bar”. Diýdi: “Gizläp gez gözden”.

Diýdim: “Yşka diwana”.

Diýdi: “Ýüz tut permana”.

Diýdim ki: “Ne permandyr?”. Diýdi: “Geldi Tebrizden”.

 

Diýdim: “Ne çarh aýlanýar?”. Diýdi: “Dünýä ýelidir”.

Diýdim: “Adam ne gülmez?”. Diýdi: “Janly ölüdir”.

Diýdim: “Ol ne egrelmez?”. Diýdi: “Yslam ýoludyr”.

Diýdim: “Aldym permana”.

Diýdi: Ýüz tut Kurana”.

Diýdim: “Ol ne gapysyz ?”. Diýdi: “Şeýtan pälidir”.

 

Diýdim: “Ol ne şäherdir?”. Diýdi ki: “Ýalan jahan”.

Diýdim: “Kimler şa erur?”. Diýdi: “Gury jeset, jan”.

Diýdim: “Ol kim aglaýyr?”. Diýdi: “Ulug Süleýman”.

Diýdim: “Hak ne isteýir?”. Diýdi: “Bagda gül-reýhan”.

Diýdim: “Diýdim bagban aglaýyr”.

Diýdi: “Bagryn daglaýyr”.

Diýdim ki: “Alaç eýle!” Diýdi: “Lukman ezizden”.

 

Diýdim: “Bir gözel gördüm”. Diýdi: “Mahy-tabandyr”.

Diýdim: “Kimse jan bermez?. Diýdi: “Bir hak amandyr”.

Diýdim: “Kim sürer jahan?. Diýdi: “Şa hökmü-rowan”

Diýdim: “Perzent öledir”. Diýdi: “Haka rowandyr”.

Diýdim: “Bizge ýetirgil”.

Diýdi: “Hak diýp oturgyl!”.

Diýdim: “Kimde ýok uýat?. Diýdi: “Juwanda-gyzda”.

 

Diýdim: “Pyragy ismim”. Diýdi: “Pyrkat çeke sen”.

Diýdim: “Gol aýak ysmaz”. Diýdi: “Daglar çykasen”.

Diýdim: “Namart ozadyr”. Diýdi: “Mar sen, çaka sen”.

Diýdim: “Gitdi agmalym”. Diýdi: “Garryp çöke sen”.

Diýdim: “Haka arzym bar”.

Diýdi: “Oldur saňa ýar”.

Diýdim: “Gyşym geçedir”. Diýdi: “Habar al güýzden”.

 

GÖZÝAŞYN DÖKE BAŞLADY

Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar,

Ýetimler gözýaşyn döke başlady.

Orramsydan bolan haramhor begler

Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady.

Jemagatsyz azan bir gury sesdir,

Niçe mollañ okan ylmy hebesdir,

Kazylaryñ käri çilimdir, nasdyr,

Para görse, dyza çöke başlady.

Işanlary her gapyda tapylar,

Mollalarna ýok myjabat ýapylar,

“Öwlüýä men” diýip jögi sopular,

Gygyryp, asmana böke başlady.

Çykar beýebana gyzy, gelini,

Ak ýüzüne ýapar gara telini,

Kemçinlik eýleýip, ýygan puluny

Düzedip üstüne daka başlady.

Dünýäde süýthoruñ pul ýygma derdi,

Baýlaryñ mallary bizekat erdi,

Toba ediñ, gözüm bir ýaman gördi,

Dost dostuñ öýüni ýyka başlady.

Magtymguly, başa baglap selleler,

Aç böri deý ýortup niçe mollalar,

Halaldan, haramdan ýygnap gallalar,

Herne tapsa, dynmaý dyka başlady.

 

 

 

Visit:     Magtymguly.net    for turkmen literature, books and turkmen related documents.
Visit:     Magtymguly.org    for portraits of great turkmen writers.

 


 

264'th birthday of MAGTUMGOLY CEREMONIES IN TURKMENSAHRA (1997)

MAGTUMGOLY FARAGI  CEREMONIES IN TURKMENSAHRA (1999)

269'th birthday of MAGTUMGOLY CEREMONIES IN TURKMENSAHRA (2002)


Magtymgulynyñ Kol yazmasy

Hand writing of Magtymguly

Dr. Farzad  MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara – TURKEY 

EMAIL : farzad@turkmens.com